TEHNOLOGIÝA

“Xiaomi” 5 minutda 100% zarýad berer

Batareýanyň kuwwaty häzirki “akylly” telefonlarda iň köp gözlenýän aýratynlyklardan biridir. Esasanam, ýokary derejeli enjamlar bilen enjamlaşdyrylan iň täze model smartfonlary köne modellerinden has köp güýç sarp edýär.

Şeýle bolanda, smartfon öndürijileri ýa has ýokary kuwwatly batareýa modellerini ulanýarlar, ýa-da döreden çalt zarýad beriş tehnologiýalaryndan peýdalanýarlar.

“Xiaomi” “MWC 2023-de” 300W zarýad beriş tehnologiýasyny gözden geçirdi.

Hytaý kompaniýasy, 300W zarýad beriş tehnologiýasyny 4100mAh akkumulýatorly “Redmi Note 12 Pro +” smartfonynda barlag etdi.

300W zarýad beriş tizligi telefonyň batareýasyny 1 minutda 20 göterime çenli ýokarlandyrdy. 2 minut 12 sekuntda telefonyň zarýady 50 göterime çenli ýokarlandy.

4 minut 59 sekuntdan soň telefon 100 göterim doly zarýad almagy başardy.

“Xiaomi” 300W zarýad beriş tehnologiýasy üçin haçan uly göwrümli önümçilige başlajakdygy barada maglumat bermedi.

“OPPO-nyň” kiçi markasy “Realme” öň smartfonlaryň batareýasyny 10 minudyň içinde doldurýan 240W çalt zarýad beriş tehnologiýasyny hödürläpdi.

Bu tehnologiýanyň kömegi bilen 4500 mAh kuwwatly batareýany bary-ýogy 10 minutda 0-dan 100-e çenli zarýad berip bolýar.

 

Ýene-de okaň

Gresiýa 15 ýaşa ýetmedik çagalara sosial ulgamlary ulanmagy gadagan eder

Ermenistanda 16 ýaşdan kiçi çagalara sosial torlara elýeterlilik çäklendiriler

NASA-dan taryhy ädim: 54 ýyldan soň Aýa ilkinji adamly uçuş başlady

Internet ulanyjylarynyň sany boýunça öňdebaryjy ýurtlar

Türkiýede 5G döwri başlady

Türkmenistanda 5G we 4G+ torlaryny ýaýbaňlandyrmak üçin bäsleşik yglan edildi