BIZNES

“Türkmenistanyň nebiti we gazy” forumy 29-njy gezek geçirilýär

Şu ýylyň 23 — 25-nji oktýabry aralygynda Aşgabatda geçirilmegi meýilleşdirilýän “Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2024” atly XXIX halkara maslahaty we sergisi geçirilýär. Bu möhüm çärä görülýän taýýarlyk işleri barada Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Amanow hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda bu çärä gatnaşmak üçin köp sanly daşary ýurtly kompaniýalary, ýurdumyzyň kärhanalarydyr telekeçileri hasaba alyndy. Halkara sergiň işine Türkmenistanyň Hökümet agzalarynyň, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, ýokary okuw mekdepleriniň, ýurdumyzdaky diplomatik wekilhanalaryň we halkara guramalaryň, daşary ýurt we ýerli köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylarynyňdyr wekilleriniň gatnaşmagy meýilleşdirilýär. Ýyl-ýyldan bu çäräniň geriminiň giňemegi dürli ýurtlaryň işewür toparlarynyň ýurdumyz bilen netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmäge gyzyklanmalarynyň artýandygyny görkezýär. Halkara maslahat “Ählumumy energetika bazarynda täze depginler we özara bähbitli hyzmatdaşlygyň geljegi” atly plenar mejlisden we alty sany bölümçeden ybarat bolar.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, «Türkmenistanyň nebiti we gazy» atly halkara maslahatyň we serginiň her ýyl geçirilýändigini, bu çäräniň ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumyny ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlary, nebitgaz pudagyna täze tehnologiýalary ornaşdyrmagyň ugurlary barada pikir alyşmaga ýardam berýändigini belledi we forumy ýokary derejede guramagy wise-premýere tabşyrdy.

Ýene-de okaň

Türkmenistanda 6 aýda 38.9 milliard kubmetr tebigy gaz öndürildi

Türkmenistanda ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2028-nji ýyla çenli döwür üçin maksatnama rejelendi

Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligine täze ýolbaşçy bellendi

Azerbaýjan Türkmenistandan 155.3 million kubmetr tebigy gaz import etdi

Ýewropa maýa goýum bankynyň wise-prezidenti Türkmenistana geler

Türkmenistan halkara maliýe guramalaryň goldawy bilen üç gäminiň gurluşygyna tender yglan etdi