BILIM

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň wekiliýetiniň ABŞ-a resmi sapary

2024-nji ýylyň 30-njy sentýabrynda Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň wekiliýetiniň Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna resmi sapary başlandy. Wekiliýetiň düzüminde Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň we Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklar institutynyň prorektorlary, şeýle hem Türkmen döwlet binagärlik we gurluşyk institutynyň wekilleri, wekiliýete bilim ministriniň orunbasary A.Ataýew ýolbaşçylyk etdi. Saparyň dowamynda ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň Bilim we medeniýet meseleleri boýunça býurosynyň wekilleri, şeýle hem ABŞ-nyň öňdebaryjy bilim edaralarynyň ýolbaşçylary bilen duşuşyklar geçiriler.

Saparyň esasy maksady bilim pudagyndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak, bilelikdäki bilim maksatnamalaryny we alyş-çalyşlary giňeltmek, şeýle hem 2023-nji ýylda gol çekilen bilim babatda hyzmatdaşlyk barada Özara düşünişmek hakynda Ähtnamanyň çäklerinde täze başlangyçlary girizmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşmak.

Amerikanyň bilim edaralary we guramalary bilen aragatnaşygyň gurulmagy möhüm netije bolar. Wekiliýet şeýle hem Amerikanyň ýokary okuw jaýlarynyň Türkmenistanda şahamçalaryny döretmek we ýöriteleşdirilen hünärmenleri taýýarlamak boýunça mundan beýläkki hyzmatdaşlygy ara alyp maslahatlaşmagy meýilleşdirýär.

Saparyň dowamynda Türkmenistanyň bilim pudagynyň yzygiderli we tapgyrlaýyn ösmegi we amerikan tarapy bilen gatnaşyklaryň hasam giňelmegi bilen baglanyşykly meseleleriň jikme-jik öwrenilmegi meýilleşdirilýär. Saparyň çäklerinde geçiriljek möhüm duşuşyklar bilim pudagynda uzak möhletli we öndürijilikli ikitaraplaýyn gatnaşyklar üçin berk binýat döreder.

Saparyň meýilnamasynyň esasy bölegi hökmünde Kent döwlet uniwersitetiniň (Kent State University) ýolbaşçylary bilen duşuşyk bolýar. 1910-njy ýylda esaslandyrylan bu uniwersitet, bilim, işewürlik we tehnologiýa boýunça innowasion maksatnamalary bilen tanalýan ABŞ-nyň iň uly we abraýly döwlet edaralarynyň biridir. Saparyň dowamynda Kent uniwersiteti bilen üç sany türkmen ýokary okuw jaýlarynyň arasynda degişli özara düşünişmek hakynda ähtnamalarynyň gol çekilmegi meýilleşdirilýär, olaryň arasynda Halkara ynsanperwer ylymlary wäe ösüş uniwersiteti, Türkmen döwlet binagärlik we gurluşyk instituty, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklar instituty. Bu ähtnamalar Türkmenistan bilen ABŞ-nyň arasyndaky bilim gatnaşyklaryny berkitmäge ýardam etjek ileri tutulýan ugurlar boýunça hünärmenleri taýýarlamak boýunça mundan beýläkki hyzmatdaşlygyň kanuny esasyna öwrüler.

Mundan başga-da, wekiliýetiň saparynyň çäklerinde beýik türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan çäreler meýilleşdirilýär, oňa uniwersitetiň wekilleri, türkmen talyplary we türkmen diasporasynyň agzalary gatnaşar.

Maksatnama çykyşlary we şahyryň goşgularynyň çeper okaýyşyny, şeýle hem türkmen halk aýdymlaryny öz içine alýar.

Saparyň dowamynda ýokary bilim pudagynda mundan beýläk-de işleşmek üçin esas boljak möhüm şertnamalara gol çekiler.

Bu sapar Amerikanyň bilim edaralary bilen uzak möhletli we öndürijilikli hyzmatdaşlyga esas döreder, Kent uniwersiteti bilen özara düşünişmek hakynda ähtnamalaryň gol çekilmegi bolsa Türkmenistanyň bilim ulgamyny ösdürmek üçin täze mümkinçilikleri döreder.

Ýene-de okaň

ABŞ-nyň Kent döwlet uniwersitetiniň Türkmenistanda şahamçasy açylyp biler

Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleri bilen ABŞ-nyň Kent uniwersiteti ähtnama gol çekişdi

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanda ABŞ-nyň uniwersitetleriniň şahamçalaryny açmak maslahatlaşyldy

Ata Watan Eserleri

Bilim ulgamynda türkmen-amerikan gatnaşyklary maslahatlaşyldy

Türkmenistanyň we Somaliniň bilim ministrleriniň onlaýn duşuşygy

Kaliforniýa uniwersitetinde ALSA-nyň ilkinji umumy mejlisi geçirildi

Ata Watan Eserleri