SIZDEN GELENLER

Baş maksadymyz – döwrebap bilim

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe durmuşymyzyň ähli ugurlary, şonuň bilen birlikde, milli ylym-bilim ulgamy hem ösüşiň täze belentliklerini nazarlaýar. Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan bilim özgertmeleri Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan täzeçe çemeleşmeler, başlangyçlar bilen üstünlikli dowam etdirilýär. Şeýlelikde, iň öňdebaryjy tejribä, dünýäniň ösen tehnologiýalaryna esaslanýan bu ulgam nesillerimiziň halkara derejede bilim almagyna gönükdirilen netijeli işler esasynda kämilleşdirilýär. Bu günki günde watansöýüji, halal, intellektual derejesi ösen, bäsdeşlige ukyply, daşary ýurt dillerini kämil bilýän ýaşlar ýurdumyzyň bagtyýar geljeginiň kepili bolup durýar.

Häzirki wagtda «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 ― 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynyň» hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynyň» çäklerinde bilim ulgamyny kämilleşdirmek, ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak boýunça işler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň, daşary ýurt dillerini, tebigy we takyk ylma degişli dersleri okatmagy kämilleşdirmegiň konsepsiýalaryna laýyklykda, ylym-bilim ulgamyny dünýä ölçeglerine çykarmak boýunça degişli işler durmuşa geçirilýär, sanly bilim ösdürilýär.

Bilşimiz ýaly, Ministrler Kabinetiniň 6-njy sentýabrda geçirilen mejlisinde hormatly Prezidentimize ýurdumyzyň käbir ýokary okuw mekdeplerinde ylmy-usuly we ylmy-amaly elektron žurnallary döretmek bilen bagly işler barada hem hasabat berildi. Internetiň, maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalarynyň barha ösýän döwründe dörediljek täze elektron neşirler hem ylmy işleri, innowasion işläp taýýarlamalaryň netijelerini, türkmen ylmynyň nazarlaýan belent sepgitlerini, bu ugurda gazanylanlary, şol sanda ýaş alymlarymyzyň üstünliklerini, täzeçil pikir-garaýyşlaryny ýurdumyzda we dünýäniň ylym-bilim giňişliginde giňden ýaýmaga, özara tejribe alyşmaga ýardam eder.

Häzirki wagtda döwlet Baştutanymyz Watanymyzyň geljegi bolan ýaşlara uly ynam bildirýär. Ýaşlaryň milli ruhda terbiýelenip, kämil şahsyýetler bolup ýetişmekleri ugrunda aýratyn tagallalar edilýär. Ýurdumyzyň geljekki eýeleri bolan ýaş nesilleri terbiýelemekde we netijeli bilim bermekde dünýäniň ösen tehnologiýalaryndan, enjamlaryndan peýdalanylýar. Eziz Watanymyzda ylym-bilim edaralarynyň işini kämilleşdirmek, sanly tehnologiýalary peýdalanyp, bilim berlişiniň hilini ýokary derejelere ýetirmek boýunça oňyn netijeler gazanylýar. Bilim ulgamyndaky çäksiz özgertmeleri amala aşyrmak bilen, biziň baş maksadymyz ýaşlary okatmakda we bilim, terbiýe bermekde dünýäniň ösen döwletleriniň hataryna çykyp, ýurdumyzyň ösüşini mundan-da has pugtalandyrmakdyr.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň her bir raýaty, okuwçy we talyp ýaşlar, mugallymlar hem-de terbiýeçiler üçin ägirt uly döredijilik mümkinçilikleri açylýar. Beýik maksatlar üçin yhlasly okaýan, öwrenýän, döredýän, dünýäniň dürli künjeklerinde biziň Watanymyza mynasyp wekilçilik edýän mekdep okuwçylarymyzyň halkara olimpiadalarda, ylmy we döredijilik bäsleşiklerinde üstünlikli çykyş edip, baýrakly orunlara mynasyp bolýan ýaşlarymyzyň hatary barha artýar. Munuň özi döwlet Baştutanymyzyň alyp barýan bilim syýasatynyň hem-de giň gerimli bilim özgertmeleriniň örän netijeli häsiýete eýedigine şaýatlyk edýär.

“Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda bilim ulgamynda gazanylýan üstünlikleir uly buýsan bilen bellemek bolar. Hormatly Prezidentimiz Halk Maslahatynyň mejlisinde eden taryhy çykyşynda: ” Biz bilim ulgamynda ruhy taýdan kämil, giň dünýägaraýyşly ýaş nesilleri terbiýelemek boýunça netijeli işleri alyp barýarys. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzda halkara derejä laýyk gelýän umumybilim edaralaryny döretmegi, mekdep-gimnaziýalary açmagy hem möhüm wezipeleriň biri hasaplaýarys.

Häzirki wagtda Aşgabat şäherinde Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň ýokary okuw mekdebiniň, Türkmenabat şäherinde Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň täze binalar toplumlarynyň, Mary şäherinde Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň täze okuw binalar toplumynyň we umumy ýaşaýyş jaýynyň gurluşygy güýçli depginde dowam edýär” diýip, bellemek bilen ýurdumyzda bilim ösdürmäge aýratyn ähmiýet berýändigini belledi.

Biziň hem ýokary okuw mekdebimiziň ýurdumyzyň baýry bilim ojaklarynyň biri bolup, türkmen körpe nesiller bilim berjek mugallymlary taýýarlamaga aýratyn ähmiýet berýär. Şol bir wagtda biziň bilim ojagymyzda daşary ýurt dilleri hem öwredilýär. Şolaryň hatarynda pars dilini hem agzama bolar. Pars dili we edebiýatyny öwrenmek bilen ýakyn goňşularymyzyň milli edebiýaty bilen ýakyndan tanyşmaga giň mümkinçilikler alynýar. Ýurdumyzda pars dili orta we ýokary mekdeplerde köp ýyllardan bäri okadylyp gelinýär.

Gahryman Arkadagymyz: «Mugallymçylyk adamzat durmuşynyň irki döwürlerinden bäri iň abraýly, hormatly kärleriň biridir. Bilim berýän adam aýratyn hormat-sylaga mynasypdyr. Dünýä integrasiýasy bilen deň gadam urýan Watanymyzda mugallymçylyk käri jemgyýetimiziň bezegine öwrüldi. Mugallymlar barada alada geljekde hem döwletiň baş aladalarynyň biri bolar» diýip, mugallymçylyk hünärine ýokary baha berýär. Gahryman Arkadagymyzyň kitaplarynda mugallymçylyk käri bilen baglanyşykly meselelere aýratyn orun berlendir. Biz muňa «Döwlet guşy», «Älem içre at gezer» romanlarynyň mysalynda hem göz ýetirýäris.

Biz hem talyp ýaşlar hökmünde Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň öwüt-ündewlerine eýerip, işine yhlasly çemeleşýän mugallymlar, ýaş hünärmenler bolup ýetişeris.

Ýaşlara halkara ülňülere gabat gelýän bilim-terbiýe bermek maksady bilen, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli bilim ulgamy ösüşiň täze tapgyryna gadam basdy. Ýurdumyzyň bilim ulgamyndaky özgerişler sanly we ýokary tehnologiýalara, dünýäniň öňdebaryjy tejribesine we milli ýörelgelerimize esaslanýar. Ýurdumyzyň bilim-terbiýeçilik edaralarynda daşary ýurt dillerini, şeýle hem tebigy we takyk ylmy ugurlara degişli dersleri okatmagy kämilleşdirmegiň konsepsiýalarynda göz öňünde tutulan wezipeler işjeň durmuşa geçirilýär. Bu bolsa, öz gezeginde, täze taryhy döwürde bilim ulgamynda amala aşyrylýan özgertmeleriň ýaşlaryň dürli ugurlar boýunça bilim almaklaryny, hünär öwrenmeklerini we  ýokary tehnologiýalardan baş çykarmaklaryny utgaşykly ýola goýmaklyga gönükdirilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.

Goý, eziz Watanymyzyň şöhratly ösüşini, ýagty geljegini ýaş nesillerde görýän hormatly Prezidentimiziň, Gahryman Arkadagymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun!

Leýli Artykmuradowa,

Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň

“Pars dili we edebiýaty” hünäriniň 4-nji ýyl talyby.

Ýene-de okaň

Sagdynlyk ynsan durmuşynyň bezegi

Türkmenistan — syýahatçylyk mekany

Nebitgaz pudagy — ykdysadyýetiň daýanjy

Bilim ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy işjeň ösdürilýär

Milli telekommunikasiýa ulgamy – döwrebap ösüşler

Bilimli ýaşlar – geljegiň binýady