Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bilim ulgamy yzygiderli kämilleşdirilýär. Bu bolsa ýurdumyzyň mekdebe çenli çagalar edaralarynda hem işleriň döwrüň döredijilik ruhuna laýyklykda alnyp barylmagyna, sowatly, watansöýüji nesilleri kemala getirmäge itergi berýär.
Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalarynyň netijesinde mekdebe çenli çagalar edaralarynyň terbiýeçileriniň hünär derejelerini ýokarlandyrmaklaryna, hünär ussatlygyny üznüksiz kämilleşdirmeklerine giň mümkinçilikler bar. Bu ugurdaky mümkinçilikler we şertler biz — çagalar baglarynyň terbiýeçileridir usulyýetçilerini işimize döredijilikli, täzeçil hem-de döwrebap çemeleşmäge ruhlandyrýar.
1-nji iýunda dünýäniň ähli beýleki döwletlerinde bolşy ýaly, Türkmenistanda hem Çagalary goramagyň halkara güni giňden bellenilýär. Bu sene dünýä bileleşigi bilen raýdaşlygyň, Birleşen Milletler Guramasynyň çagalaryň hukuklary we bähbitleri babatda esas goýujy maksatlaryna, ýörelgelerine ygrarlylygyň beýany hökmünde ýurdumyzyň resmi baýramçylyklarynyň sanawyna girizildi.
Parasatly türkmen naklynda «Bal süýji, baldan-da bala süýji» diýlip, örän jaýdar aýdylýar. Çagalar — biziň geljegimiz. Ata-babalarymyzyň «Çaga — ömrüň dowamy», «Çaga — gol-ganatyň», «Çagany — ýaşdan, edebi — başdan», «Akylyň bahasy bolmaz, terbiýäniň — çägi» ýaly parasatly pähimlerinden ugur alyp, ýurdumyzda maşgalany we eneligi goldamaga, köp çagalylygy höweslendirmäge hem döwlet derejesinde aýratyn ähmiýet berilýär. Ähli çagalaryň öz hukuklaryndan peýdalanyp bilmegi, sagdyn bolmagy, döredilýän mümkinçiliklerden peýdalanmagy, her gün özleri üçin nähilidir bir täzelikleri açmagy hem-de öz dostlary we maşgalasy bilen jebislikde ýaşamagy üçin döwletimiz atalyk alada edilýär.
Eziz Diýarymyzda jemgyýeti ösdürmegiň binýatlaýyn şertleriniň biri hökmünde ylym-bilim ulgamyny ösdürmek, ýaşlara berilýän bilimiň hilini dünýä derejesine laýyklykda kämilleşdirmek, döwrebap okuw kitaplaryny we gollanmalaryny neşir etmek, iň täze tehnologiýalary, innowasiýalary işjeň ornaşdyrmak boýunça giň gerimli işler durmuşa geçirilýär. Häzirki wagtda ýurdumyzyň bilim ojaklarynda öňdebaryjy tehnologiýalaryň mümkinçilikleri işjeň peýdalanylýar. Döwrebap okuw enjamlary bilen üpjün edilen bilim-terbiýeçilik edaralarynda öz saýlap alan ugruna ussat hünärmenleri taýýarlamak üçin ähli zerur şertler döredilýär. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda alnyp barylýan özgertmeler ýaşlaryň ylym-bilim ummanynyň çuňluklaryna aralaşmagyna, beden hem ruhy taýdan sagdyn şahsyýetler bolup ýetişmegine ýardam edýär.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe durmuşa geçirilýän bilim özgertmeleri türkmen halkynyň döredijilik, oýlap tapyjylyk kuwwatyny açmagy göz öňünde tutýar. Ylym-bilim ulgamynyň durnukly ösüşi, yzygiderli kämilleşmegi bäsdeşlige ukyply hünärmenleri ýetişdirmäge şert döredýär. Bu gün jemgyýetiň islegleri bazar ykdysadyýetiniň täsiri bilen kemala gelýär. Dünýä ylmynda we umumadamzat medeniýetiniň ösüşinde öçmejek yz goýan görnükli alymlaryň, akyldarlaryň kemala gelen mekany bolan türkmen topragynda häzirki döwürde-de ähli asylly maksatlarymyz ylym-bilime daýanmak arkaly amala aşyrylýar. Hawa amala aşyrylýan özgertmeleriň rowaçlanmagy, ilkinji nobatda, ykdysadyýetiň innowasion tehnologiýalara esaslanýan pudaklarynda zähmet çekýän raýatlaryň hünär derejesi we ukyp-başarnyklary bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr.
Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda bilim ulgamyny has-da kämilleşdirmek maksady bilen Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasy we ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň meýilnamasy tassyklanyldy. Şeýle maksatnamalar okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmäge, bilim edaralarynda bilim işgärleriniň hünär derejesini döwrüň talaplaryna laýyklykda yzygiderli ýokarlandyrmaga, körpelere ýokary hilli bilim-terbiýe bermegiň täzeçe usullaryny iş tejribesine giňişleýin ornaşdyrmaga gönükdirilýär. Bu tagallalardan ugur alyp, yhlasly zähmet çekýän bilim işgärleri ýaşlaryň sowatly bolmagy ugrunda uly aladalary edýärler. Munuň özi ýaş nesilleriň röwşen geljegini kepillendirýär.
Ýüpekgül Öräýewa, Gülşat Berdiýewa,
Aman Kekilow adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň matematika mugallymlary.