DÜNÝÄ

BAE ABŞ-da 1.4 trillion dollar maýa goýar

Ýakyn Gündogar döwletlerinde saparda bolan ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp saparynyň soňky gününde Birleşen Arap Emirliklerinde ýurduň Prezidenti Şeýh Mohammed bin Zaýed Al Nahaýýan resmi gepleşikler geçirdi. Tramp bu saparynyň hem netijeli geçendigini belläp, BAE-niň öňümizdäki 10 ýylyň dowamynda ABŞ-da 1.4 trillion dollara barabar maýa goýumlary özleşdirjekdigini mälim etdi.

Uzakmöhletleýin esasda 10 trillion dollara golaý maýa goýumlaryň özleşdirilmegi babatda ylalaşandyklaryny bellän Tramp bu maýa goýumlaryň emeli aň we tehnologiýa ulgamlaryna gönükdiriljekdigini belledi.

ABŞ bilen gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga ygrarly bolup durýandygyny bellän Prezident Şeýh Mohammed bin Zaýed Al Nahaýýan ABŞ bilen hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga tagalla edilýändiklerini belledi.

Gepleşikleriň netijesinde, Prezidenti Şeýh Mohammed bin Zaýed Al Nahaýýan ABŞ-nyň Prezidenti Trampa “Şeýh Zaýed” döwlet nyşany bilen sylaglady.

Trampyň bu sapary ABŞ-nyň ozalky Prezidenti Jorj Buşuň 2008-nji ýylda amala aşyran saparyndan 17 ýyldan soňra bolan ýokary derejedäki sapardyr.

Ozal hem habar berşimiz ýaly, Tramp Saud Arabystany, Katar we BAE döwletlerinde saparda bolup, Saud Arabystany bilen 600 milliard dollar, Katar bilen 1,2 trillion dollar möçberinde ylalaşyklary gazanyldy.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň we Ermenistanyň daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň duşuşygy

Gyrgyzystan bilen Seýşel adalary wiza düzgünini ýatyrýan ylalaşyga gol çekdiler

Italiýanyň Premýer-ministriniň Azerbaýjana sapary

BMG-niň Türkmenistandaky wekili Azerbaýjana bellendi

Özbegistan Merkezi Aziýanyň bitewi syýahatçylyk halkasyny döretmegi teklip etdi

Türkmenistanyň ilçisi ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň kömekçisi bilen duşuşdy