PEÝDALY MASLAHAT

«Türkmenistan» döwlet täjirçilik banky: Onlaýn kabulhana» hyzmaty

Türkmenistanyň «Türkmenistan» döwlet täjirçilik banky sizi «Onlaýn kabulhana» hyzmatynyň amatly mümkinçiliklerinden peýdalanmaga çagyrýar.

Hyzmata laýyklykda raýatlarymyz banka barmazdan, sanly ulgam arkaly günüň islendik wagtynda bankyň resmi www.tnbk.tm internet sahypasynyň «Onlaýn hyzmatlar» bölüminde ýerleşdirilen «Onlaýn kabulhana» bölümçesiniň üsti bilen bank tarapyndan berilýän güwänamalary, bank kartlaryny sargyt etmek we gaýtadan çap etmek, şeýle hem karz almak üçin onlaýn görnüşde ýüzlenip bilerler. Munuň üçin raýatlarymyz ilki bilen penjirede açylan meýdançalary talap edilen görnüşinde doldurmak arkaly özbaşdak ulanyjy adyny we gizlin açar sözüni bir gezeklik döredýär.

Hyzmatdan peýdalanmak üçin döredilen ulanyjy adyny we gizlin açar sözüni her gezek ulanmak arkaly «Onlaýn kabulhana» bölümçesine girýär we özüne zerur bolan resminamalary sargyt edýär, sargydyň taýýar bolanlygy baradaky maglumat elektron ulgam arkaly, şeýle hem bankyň merkezi edarasynyň (ýa-da şahamçasynyň) degişli hünärmeni tarapyndan telefon arkaly habar berilýär. Müşderiler öz sargytlaryny almak üçin bankyň merkezi edarasyna ýa-da degişli şahamçasyna ýüz tutup bilerler.

Habarlaşmak üçin telefon belgimiz: +993 12 44-03-04.
Şahamçalarymyzyň salgylary we telefon belgileri bankyň resmi www.tnbk.tm internet sahypasynda ýerleşdirilen.

Related posts

5-nji we 17-nji belgili täze awtobus ugurlary üýtgedildi

Ýaz aýlarynda ýüzüňize ideg etmegiň ýollary

Ata Watan Eserleri

Daşoguz şäherinde Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkezi gurlar