JEMGYÝET

Türkmenistanyň Prezidentiniň we türkmen halkynyň Milli Lideriniň gatnaşmagynda sadaka berildi

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň we hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllygy we Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisiniň üstünlikli geçmegi mynasybetli Türkmenbaşynyň ruhy metjidinde sadaka berildi.

Mälim bolşy ýaly, 24-nji sentýabrda geçirilen umumymilli forumda Milli Liderimiz ata-babalarymyzyň däp-dessurlaryna eýerip, Türkmenbaşynyň ruhy metjidinde agzybirlikde sadaka bermek baradaky teklip bilen mejlise gatnaşyjylara ýüzlendi we bu teklip biragyzdan goldanyldy.

Ilki bilen, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow hem-de hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow metjidiň ýanyndaky kümmetde ýadygärlige gül dessesini goýdular.

Soňra Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory, ýurdumyzyň ministrlikleriniň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, Aşgabatda işleýän daşary ýurtlaryň we halkara guramalaryň diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary ýadygärlige gül desselerini goýdular.

Türkmenistanyň müftüsi öten-geçenleri, Türkmenistanyň ilkinji Prezidenti Saparmyrat Nyýazowy hatyralap aýat-doga okady.

Soňra hajy Arkadagymyz we Arkadagly hajy Serdarymyz kümmetiň aşaky gatyna düşdüler. Bu ýerde müfti Türkmenistanyň ilkinji Prezidentini hem-de onuň ýakynlaryny hatyralap aýat-doga okap, ýagşy dilegleri etdi.

Soňra türkmen halkynyň Milli Lideri we döwlet Baştutanymyz kümmetden çykyp, Türkmenbaşynyň ruhy metjidine bardylar. Birbada 10 müň adamyň namaza durmagyna niýetlenen metjidiň abatlaýyş-abadanlaşdyryş işleri Arkadagly hajy Serdarymyzyň tagallalary bilen amala aşyryldy.

Türkmenistanyň müftüsi mukaddes Gurhandan aýat-doga okap, ýagşy dilegleri etdi hem-de abadanlaşdyryş işleri geçirilen metjitde adamlaryň namaz okamagyna döredilen amatly şertler üçin ähli dindarlaryň adyndan hoşallyk bildirdi.

Soňra Gahryman hajy Arkadagymyz we Arkadagly hajy Serdarymyz ähli öten-geçenlerimizi ýatlap berilýän sadaka gatnaşdylar.

Ýene-de okaň

Özbegistanyň daşary işler ministri Aşgabada geldi

Türkmenistanda Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisini geçirmäge taýýarlyk işleri başlady

Türkmenistanda ýokary derejeli halkara duşuşyklar we GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň sammiti geçiriler

Türkmenistanyň Prezidenti Katar Döwletiniň Emirine gynanç bildirdi

Dalaşgär-2026: ýokary okuw mekdepleriniň sanawy

Ata Watan Eserleri

Ispaniýa ýarym finalda Fransiýa bilen duşuşar