MEDENIÝET

Türkmenistanyň halk artisti Babamyrat Hamdamow aradan çykdy

2024-nji ýylyň 2-nji sentýabrynda Türkmenistanyň, Özbegistanyň hem-de Garagalpagystanyň halk artisti Babamyrat Hamdamow aradan çykdy. Bu barada Özbegistanyň Medeniýet ministrligi habar berdi.

Ol 1940-njy ýylda Türkmenistanyň Türkmenabat şäherinde dünýä indi. Babamyrat Hamdamow Türkmenistanyň hem-de Özbegistanyň aýdym-saz sungatynyň ösdürilmegine ägirt uly goşant goşan halypa sungat işgärleriniň biridir. Onuň döreden köp sanly ajaýyp eserleri häzirki wagtda onuň muşdaklarynyň kalbynda baky orun aldy.

Onuň “Kim eken”, “Dewona”, “Galdymy”, “Gorkdym”, “Sulton Jaloliddin” ýaly ençeme meşhur aýdymlary köpleriň uly söýgüsini gazandy.

B.Hamdamow türkmen, özbek, täjik we hindi dillerinde aýdymlary ýerini ýetirýär. Aýratyn hem, ýaşlyk ýyllarynda hindi dilinde ýerine ýetiren aýdymlarynyň oňa uly şöhrat getirendigini bellemek gerek. Onuň hindi aýdymlaryny ýerine ýetiriş ussatlygy hatda hindi halkynyň özi tarapyndan hem ykrar edilipdir. Muňa onuň hindi kinosynyň ady rowaýata öwrülen ussady Raj Kapur bilen dostluk gatnaşyklaryny saklandygy hem güwä geçýär.

– Babamyrat Hamdamow beýik aýdymçy Kamiljan Ataniýazowyň yzyna alyp baran aýdymçylaryň biridir. Onuň aýdymlary we döredijiligi özbek sungatynyň “altyn gaznasyna” girizildi – diýlip, Özbegistanyň Medeniýet ministrliginiň beýanatynda bellenilip geçilýär.

Ýene-de okaň

Me­de­ni­ýet hep­de­li­gi­ne taýýarlyk görülýär

Türkmenistan Bişkek halkara kino festiwalyna gatnaşar

«Awaza-dostluk mekany» atly halkara tans we folklor festiwaly geçirildi

Aşgabatda Hytaýyň farfor önümleriniň sergisi geçirilýär

“Magtymguly Pyragy” filmi Londonda ýörite baýraga mynasyp boldy

Ata Watan Eserleri

Parahatçylygyň saýrak bilbili

Ata Watan Eserleri