Hamal (guzy 21.03 — 20.04)
Bu gün öňüňizde täze mümkinçilikler açylyp biler. Işe döredijilikli çemeleşmegiňiz garaşylmadyk netijeleri getirer. Daş-töweregiňizdäkiler siziň pikirleriňize ýokary baha bererler. Maliýe meselelerinde howlukman hereket etmek maslahat berilýär. Ýakynlaryňyz bilen açyk söhbetdeşlik düşünişmezlikleriň öňüni alar.
Sowur (öküzçe 21.04 — 20.05)
Günüň ilkinji ýarymy jogapkärçilikli işleri ýerine ýetirmek üçin örän amatly bolar. Sabyrlylygyňyz we yhlasyňyz üstünlik gazanmaga kömek eder. Täze tanyşlyklar geljekde peýdaly hyzmatdaşlyga öwrülip biler. Maddy meselelerde oýlanyşykly karar kabul etmek zerurdyr. Maşgala agzalary bilen geçiren wagtyňyz ruhuňyzy göterer. Günüň ahyrynda ýakymly habar almagyňyz ähtimal.
Jöwza (ekizekler 21.05 — 21.06)
Bu gün dürli pikirler kelläňize geler we olaryň käbiri uly üstünlikleriň başlangyjy bolup biler. Iş ýerinde işjeňligiňiz ýolbaşçylaryň ünsüni çeker. Şeýle-de bolsa ähli zady bir wagtyň özünde ýerine ýetirmäge synanyşmaň. Dostlaryňyz bilen duşuşyk size täze ruhubelentlik bagyşlar. Saglygyňyza üns bermegi unutmaň.
Seretan (leňňeç 22.06 — 22.07)
Duýgularyňyza erk edip bilseňiz, bu gün islendik kynçylygy ýeňip geçersiňiz. Iş bilen bagly möhüm gepleşikler üstünlikli geçer. Maşgala agzalarynyň goldawy size ynam berer. Maliýe ýagdaýyňyzda kem-kemden oňyn özgerişler duýlar. Täze maksatlary kesgitlemek üçin amatly pursatdyr.
Eset (ýolbars 23.07 — 23.08)
Bu gün liderlik ukybyňyz has aýdyň ýüze çykar. Daş-töweregiňizdäkiler siziň maslahatyňyza mätäç bolup bilerler. Täze başlangyçlar üçin amatly şertler döreýär. Şahsy durmuşyňyzda hoşniýetli pursatlar köpeler. Uzak wagt bäri garaşýan habaryňyzy almagyňyz mümkin. Günüň dowamynda ynamyňyzy ýitirmäň.
Sünbüle (gyz 24.08 — 23.09)
Jikme-jikliklere ünsli bolmagyňyz sizi ýalňyşlyklardan gorar. Işleriňizi meýilnama boýunça alyp barsaňyz ähli zada ýetişersiňiz. Kärdeşleriňiz bilen hyzmatdaşlyk üstünlik getirer. Maşgala içinde mähirli ýagdaý höküm sürer. Kiçijik sowgat ýa-da garaşylmadyk hoş habar keýpiňizi göterer. Agşam dynç almak peýdaly bolar.
Mizan (terezi 24.09 — 23.10)
Bu gün deňagramlylygyňyz islendik ýagdaýda dogry çözgüt tapmaga kömek eder. Täze pikirleriňizi durmuşa geçirmek üçin amatly mümkinçilik dörär. Maliýe meselelerinde seresaply boluň. Ýakynlaryňyz bilen geçirilen wagt size ruhy rahatlyk berer. Täze tanyşlyklar peýdaly bolup biler. Günüň ahyrynda özüňizi has ynamly duýarsyňyz.

Akrap (içýan 24.10 — 22.11)

Bu gün öňe gitmek üçin ähli mümkinçilikler bar. Zähmetiňiziň netijesi tiz wagtda görnüp başlar. Käbir meselelerde sabyrly bolmak gerek bolar. Dostlaryňyzdan peýdaly maslahat alyp bilersiňiz. Şahsy durmuşyňyzda ýakymly üýtgeşmeler bolup biler. Oňyn pikirlenmek size üstünlik getirer.
Kowus (keman 23.11 — 21.12)
Bu gün täze tejribeleri gazanmaga bolan islegiňiz güýçlener. Syýahat ýa-da täze taslama bilen bagly pikirler ýüze çykyp biler. Işde döredijilikli çözgütler üstünlik getirer. Maliýe meselelerinde tygşytly hereket etmek maslahat berilýär. Maşgala agzalary bilen düşünişmek aňsat bolar. Agşam şatlykly habar eşitmegiňiz mümkin.
Jedi (owlak 22.12 — 20.01)
Jogapkärçilikli çemeleşmegiňiz bu gün hem gowy netije berer. Köne meseleleriň çözgüdi tapylyp biler. Kärdeşleriňiz siziň zähmetiňize ýokary baha bererler. Ýakynlaryňyzyň goldawy ruhuňyzy göterer. Möhüm kararlary ynam bilen kabul ediň. Günüň dowamynda oňyn özgerişler garaşýar.
Daluw (gowa 21.01 – 20.02 )
Bu gün döredijilik ukybyňyz has-da güýçlener. Adaty bolmadyk pikirleriňiz üstünlik getirer. Täze tanyşlyklar geljek üçin peýdaly bolar. Maliýe meselelerinde seresaplylyk gerek. Dostlaryňyz bilen söhbetdeşlik size täze ylham berer.
Hut (balyk 21.02 — 20.03)
Duýgurlygyňyz bu gün dogry karar kabul etmäge kömek eder. Işleriňizi howlukman ýerine ýetirseňiz gowy netijeleri gazanarsyňyz. Maşgala agzalary bilen gatnaşyklaryňyz has-da berkär. Täze mümkinçilikleri elden gidirmäň. Saglygyňyza üns berip, ýeterlik dynç alyň. Günüň ahyry size hoşniýetli wakalary sowgat eder.
Hormatly okyjylarymyz!