“Makul Language Series” kitaplar toplumynyň dördünji kitaby bolan “Makul Kids English-Turkmen Picture Dictionary” (“Çagalar üçin iňlisçe-türkmençe suratly sözlük”) Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda neşir edildi.
Meşhur “Amazon” kompaniýasy tarapyndan neşir edilen bu kitap çagalaryň iňlis we türkmen dillerindäki esasy sözleri aňsat, gyzykly we ýatda galyjy görnüşde öwrenmegine ýardam bermek maksady bilen taýýarlandy. Onda her bir söz degişli surat bilen görkezilip, onuň iňlisçe we türkmençe atlary, şeýle hem gündelik durmuşda ulanylýan iňlisçe mysal sözlem we onuň türkmençe terjimesi berilýär.
Sözlük birnäçe tematiki bölümleri öz içine alýar. Onda haýwanlar, miweler we gök-bakja önümleri, iýmitler, tebigat, adam bedeniniň agzalary, öý we öý goşlary, binalar, ulaglar, hünärler, gurallar, reňkler, sanlar, şekiller, işlikler, sypatlar we antonimler bilen baglanyşykly sözler ýerleşdirildi. Şeýlelikde, çagalar gündelik durmuşda iň köp ulanylýan 442 sözi suratlaryň, iňlisçe mysal sözlemleriniň we türkmençe terjimeleriniň üsti bilen öwrenmek mümkinçiligine eýe bolýarlar.
Kitap “Makul Hyzmat” terjime merkeziniň goldaw bermeginde neşir edildi. Neşirdäki ähli suratlar 14 ýaşly türkmen ýetginjegi Ýusup Orazgylyjow tarapyndan çekildi. Kitabyň dizaýn we kompýuter bezeg işleri bolsa Ysmaýyl Orazgylyjow tarapyndan ýerine ýetirildi.
Bu neşir “Makul Language Series” kitaplar toplumynyň dördünji kitaby bolup, mundan ozal çap edilen “Makul English-Turkmen Dictionary”, “Makul English-Turkmen Language Handbook” hem-de “Makul English & Turkmen Proverbs” kitaplarynyň dowamydyr. Şeýle-de bolsa, bu eser çagalar üçin ýörite taýýarlanan ilkinji kitapdyr.
Awtorlaryň bellemegine görä, bu kitap diňe bir çagalar üçin däl, eýsem ene-atalar we mugallymlar üçin hem peýdaly okuw gollanmasy bolup hyzmat eder. Şeýle hem ol ýaş nesliň iňlis we türkmen dillerini öwrenmäge bolan gyzyklanmasyny artdyrmagy maksat edinýär.
Kitap redaksiýa toparynyň bilelikdäki zähmetiniň netijesinde taýýarlandy. Awtorlar okyjylaryň tekliplerine, belliklerine we maslahatlaryna hemişe açykdyklaryny, geljekki neşirlerde olary göz öňünde tutmaga çalyşjakdyklaryny bellediler.

