SPORT

Fernando Santos Azerbaýjanyň milli ýygyndysyna tälim berer

Portugal tälimçi Fernando Santos Azerbaýjanyň futbol boýunça milli ýygyndysynyň baş tälimçisi wezipesine bellendi. Bu barada Azerbaýjanyň Futbol Federasiýasynyň Assosiasiýasy habar berýär.

AFFA-nyň oýlan görnüşde geçirilen ýygnagynda bu barada degişli çözgüt kabul edildi. Duşuşykda güýli hem-de bäsdeşlige ukyply milli ýygyndyny düzmek, şeýle hem ýurtda çagalaryň futbolyny ösdürmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

– Dünýäniň meşhur futbol hünärmenleriniň biri hökmünde ykrar edilýän Fernando Santosyň baý tejribesi göz öňünde tutulyp, ony Azerbaýjanyň futbol boýunça milli ýygyndysynyň baş tälimçisi wezipesine bellemek hakynda çözgüt kabul edildi – diýlip, metbugat beýanatynda bellenilip geçilýär.

Related posts

“Bawariýa” futbol boýunça Germaniýanyň Superkubogyny 12-nji gezek eýeledi

Çempionlar ligasynyň 1/8 finalynyň bijesi: “Real” topary “Mançester Siti” bilen duşuşar

“Real” topary Argentinanyň ýaş futbolçysyny satyn aldy