SPORT

Wensan Kompani “Bawariýa” tälim berer

Wensan Kompani Germaniýanyň “Bawariýa” toparynyň baş tälimçisi wezipesine bellendi. 38 ýaşyndaky  belgiýaly hünärmen ozal Angliýanyň “Bernli” toparyna tälim beripdi.
Belgiýaly tälimçi bilen 2027-nji ýylyň tomsuna çenli şertnama baglaşyldy.
German topary Kompaniniň öz toparyna tälim bermegi üçin “Bernli” toparyna 10-15 million ýewro tölär.
Ozal Belgiýada, Angliýada we Germaniýada futbol oýnan Wensan Kompani Tomas Tuheliň ornuny aldy. Tomas Tuhel bilen “Bawariýa” topary şu möwsümde hiç hili kubok gazanyp bilmedi we çempionatda ikinji orny eýeledi.
Kompani futbolçy hökmünde “Anderleht” (2002-2006; 2019-2020), «Gamburg» (2006-2008) we «Mançester Siti» (2008-2019) toparlarynda oýnapdy.
2020-2022-nji ýyllarda Wensan Kompani “Anderleht” toparyna tälim berdi, Soňra “Bernli” toparyna geçip, bu topary birinji ligadan ýokary liga çykardy. 2023-24-nji möwsümde iňlis topary 19-njy orny eýeläp, ýene-de birinji liga düşdi.

Ýene-de okaň

Salah “Liwerpuldan” gidýär

Oweçkin 1000 gol sepgidine ýetdi

Özbek futbolçy “Mançester Siti” topary bilen ilkinji kubogyny gazandy

Türkmenistan Tailandyň ýygyndysy bilen geçiriljek duşuşyga taýýarlyk görýär

Messi karýerasyndaky 900-nji goluny geçirdi

Türkmenistanyň futbol çempionaty – 2026: möwsümiň öňüsyrasy toparlar düzümlerini güýçlendirdiler