SPORT

Türkmen dzyudoçysy Maýsa Pardaýewa Mongoliýada bürünç medal gazandy

Türkmen dzyudoçysy Maýsa Pardaýewa Ulan-Batorda (Mongoliýa) geçirilen Uly tuwulga ýaryşynda 57 kilograma çenli agram derejesinde bürünç medaly gazandy.

Baýrakly orna ýolda türgen gyz Gazagystanyň wekili Dana Abdirowany (1/32 final), Günorta Koreýanyň dzyudoçysy Mimi Huhy (1/16 final) we ysraýylly Timna Nelson Lewini (çärjek final) ýeňmegi başardy.

Ýarym finalda Pardaýewa ýaponiýaly Akari Omoriden utuldy, emma üçünji orun ugrundaky tutluşykda fransuz gyzy Faýza Mokardan üstün çykdy.

21 ýaşly Pardaýewa üçin bu medal Uly tuwulga tapgyrynyň ýaryşlaryndaky ikinji baýrak boldy — mundan ozal ol 2024-nji ýylda Antalýada (Türkiýe) geçirilen ýaryşda bürünç medal gazanypdy.

Şeýle hem türgen gyz Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň düzüminde Parižde geçirilen 2024-nji ýylyň Olimpiýa oýunlaryna gatnaşypdy.

Ýene-de okaň

Türkiýäniň milli ýygyndysy dünýä çempionaty bilen hoşlaşdy

Meksikadan soňra ABŞ hem 1/16 tapgyra çykdy

Dünýä çempionatynyň il çalt goly geçirildi

Ata Watan Eserleri

Gaiti – dünýä çempionaty bilen hoşlanan ilkinji ýygyndy

Meksika ilkinji bolup, 1/16 tapgyryna çykdy

Ata Watan Eserleri

Dünýä çempionatynda 1-nji tapgyryň duşuşyklary tamamlandy