MEDENIÝET

Çary Berdiýew Russiýadaky kinofestiwalda baş baýraga mynasyp boldy

Ýoşkar-Ola şäherinde Birinji Mariý halkara etniki kinofestiwaly tamamlandy. Nobatdaky abraýly «Iň gowy erkek adamyň keşbi» ugry boýunça baş baýragy türkmen aktýory Çary Berdiýew gazandy.

Ol emin agzalarynyň iň ýokary bahasyna «Magtymguly Pyragy» taryhy filminde Gündogaryň beýik şahyrynyň we akyldarynyň keşbini çuňňur we dramatik derejede janlandyrandygy üçin mynasyp boldy.

Festiwalda jemi 6 sany doly göwrümli film (şol sanda «Magtymguly Pyragy» filmi) we 14 sany gysga göwrümli film görkezildi.

Bellep geçmeli zat, doly göwrümli filmleriň bäsleşigine gatnaşýan filmleriň ählisi şol bir wagtyň özünde Russiýa Federasiýasynyň Medeniýet ministrliginiň hossarlygynda döredilen birinji Açyk Ýewraziýa «Göwher kelebek» kino baýragynyň hem gatnaşyjylary bolup durýarlar.

Related posts

2021-nji ýylyň iň gowy fotosuratlary saýlandy

Ata Watan Eserleri

Türkmen döwlet gurjak teatry Türkiýede baýraga mynasyp boldy

“Ýylyň türkmen edermen alabaýy” atly halkara bäsleşigi geçiriler