SPORT

Dünýä belli futbolçy Maradona aradan çykdy

Dünýä belli futbolçy, köp sanly futbol muşdaklarynyň ýüreginde orun alan türgen Diego Armando Maradona aradan çykdy. Ady rowaýata öwrülen bu futbolçynyň aradan çykmagy sebäpli Argentinanyň hökümeti ýurtda 3 günlük ýas yglan etdi.

– Diego Armando Maradonanyň aradan çykmagy sebäpli ýurtda 3 günlük ýas yglan edildi  – diýlip, Argentinanyň Prezidentiniň metbugat gullugy habar berýär.

Maradona 60 ýaşyň içinde ýürek agyry sebäpli aradan çykdy. Onuň Tigr şäherindäki San-Andres etrabyndaky öýünde aradan çykandygy mälim edildi.

Bilşimiz ýaly, 4-nji noýabrda Maradona beýnisinden operasiýa edilip, bir hepdeden soňra öýüne goýberilipdi.

“TAŇRYNYŇ ELI” LAKAMLY MARADONANYŇ DURMUŞY BARADA GYSGAÇA

Diego Armando Maradona 1960-njy ýylyň 30-njy oktýabrynda dünýä inipdi. Maradona «Boka Huniors» (1981 – 1982, 1995 – 1997), «Barselona» (1982 – 1984)  we «Napoli» (1984 – 1991) toparlaryndaky üstünlikli çykyşlary bilen tanalýar. Ol 2008-2010-njy ýyllarda Argentinanyň milli ýygyndysynyň tälimçisi hem boldy.

Maradona Argentinanyň milli ýygyndysynyň düzüminde 1986-njy ýylda dünýä çempiony bolupdy. Şol dünýä çempionatynda Angliýa futbol milli ýygyndysyna eli bilen geçiren goly, “Taňrynyň eli” hökmünde futbol taryhynda öz mynasyp ornuny aldy.

Siz biziň Android ulgamynda işleýän Applikasyýamyzy şu ýere basyp, özüňiziň mobil telefonyňyza ýükläp ähli eserleri, şeýle hem, beýleki habarlary aňsatlyk bilen okap bilersiňiz!

 

Ýene-de okaň

Türkmen türgenleri 2026-njy ýylyň alty aýynda 415 medal gazandylar

Diego Forlan Urugwaýyň futbol ýygyndysyna baş tälimçi boldy

Makgregor 5 ýyldan soňra ýene ýeňildi

Ata Watan Eserleri

Messili Argentina ýarym finalda Angliýa bilen oýnar

Ýamal: Ispaniýa we Fransiýa dünýäniň iň güýçli ýygyndylary

Konor Makgregor tutluşyga çykýar