JEMGYÝET

Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Türkmenistana geldi

Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon iş sapary bilen Türkmenistana geldi.

Howa menzilinde Täjigistanyň Prezidentini Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow garşylady.

Emomali Rahmon Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň çakylygy boýunça “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda saparda bolýar.

Saparyň çäklerinde Emomali Rahmonyň Merkezi Aziýa döwletleriniň we Azerbaýjanyň döwlet Baştutanlarynyň 8-nji Konsultatiw duşuşygyna hem-de GDA döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine gatnaşmagy meýilleşdirilýär.

 

Related posts

İhaleler: Türkmenbaşı Petrol Rafineri’nden Uluslararası İhale

vepa

Yeni yılın ilk Bakanlar Kurulu: Orta Asya-Hindistan Diyaloğu hazırlıkları

vepa

Türkmenistanda 2025-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan zähmet haklary 10% ýokarlandyrylar