Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow 8-nji oktýabrda iş sapary bilen Türkmenistana geldi. Bu barada Prezidentiň administrasiýasy habar berdi.
Döwlet Baştutanynyň uçary Türkmenbaşy şäheriniň Halkara howa menziline gondy.
Prezidenti uçaryň ýanynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow garşylady.

Howa menzilinde Merkezi Aziýa döwletleriniň we Azerbaýjan Respublikasynyň döwlet Baştutanlarynyň Konsultatiw duşuşygyna hem-de Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna (GDA) agza ýurtlaryň baýdaklary ýerleşdirildi, haly düşeldi we hormat garawulynyň bir bölümi hatara düzüldi.
Iş saparynyň çäklerinde Prezident Sadyr Žaparow Merkezi Aziýa döwletleriniň we Azerbaýjan Respublikasynyň döwlet Baştutanlarynyň Konsultatiw duşuşygyna hem-de GDA döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine gatnaşar. Şeýle hem ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirer.
