GDA-nyň 35 ýyllygy. Arkalaşygyň Liderleri Türkmenistanda jemlenýär

Hazar deňziniň kenarynda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda GDA döwlet Baştutanlarynyň sammiti öz işine başlar. Şu ýyl Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy (GDA) öz döredilmeginiň 35 ýyllygyny belleýär. Hünärmenleriň bellemegine görä, 1990-njy ýyllaryň başynda döredilen özara hyzmatdaşlyk mehanizmleri täze geosyýasy şertlerde örän zerur bolup durýar.

Türkmenistanda Merkezi Aziýanyň bäş ýurdunyň döwlet Baştutanlaryndan başga-da, Russiýanyň, Belarusyň, Azerbaýjanyň we Ermenistanyň Liderleri ýygnanarlar. Mundan başga-da, GDA-nyň taryhynda ilkinji gezek giňeldilen görnüşdäki mejlise Eýranyň Prezidenti Masud Pezeşkian hem çagyryldy.

Analitikleriň bellemegine görä, şeýle format Merkezi Aziýa – Kawkaz – Ýakyn Gündogar ugry boýunça ykdysady işjeňligi artdyrmak bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşmagy göz öňünde tutýar.

Şunuň bilen baglylykda, Eýranyň eýýäm Ýewraziýa Ykdysady Bileleşigine (ÝYB) agza ýurtlar bilen erkin söwda ylalaşygynyň bardygyny göz öňünde tutmak gerek. Täze ulag düzümleriniň we ugurlarynyň, şol sanda Hytaý–Gyrgyzystan–Özbegistan demir ýolunyň işe girizilmegi bilen mümkinçilikleri ep-esli giňejek sebitleýin logistika hyzmatdaş ýurtlaryň arasynda söwda möçberleriniň düýpli artdyrylmagyna şert döredýär.

Ýagny, Ýewraziýanyň merkezinden Pars aýlagyna çenli, Hazar sebiti we Kawkaz arkaly uzalýan giňişlikde ykdysady bähbitleriň we mümkinçilikleriň utgaşdyrylmagy barada gürrüň gidýär.

Bu mümkinçiliklerden eýýäm peýdalanylýar. Mysal üçin, Täjigistan Eýrandan nebit önümlerini alýar. Mundan başga-da, ýakynda Tähran bilen Duşenbe iki ýurduň arasynda doly wizasyz düzgüni ýola goýdy.

GDA sammitiniň beýleki meseleleri däp bolşy ýaly, sebitde durnuklylygy üpjün etmek, medeni-ynsanperwer gatnaşyklary pugtalandyrmak, bilim we syýahatçylyk maksatnamalaryny ösdürmek, ýaşlar syýasaty boýunça hyzmatdaşlyk etmek, şeýle hem energetika we ekologiýa ýaly möhüm ugurlarda özara gatnaşyklary giňeltmek meselelerini öz içine alar.

Gün tertibiniň ýene bir möhüm ugry «GDA+» formatyny ösdürmek bolar.

Şeýle hem, bu ýerde, Merkezi Aziýa döwletleriniň we Azerbaýjanyň döwlet Baştutanlarynyň 8-nji Konsultatiw duşuşygy hem geçirilýär.

Related posts

Türkmen samboçysy Sanjarbek Awazberdiýew Daşkentde dünýä sambo çempiony boldy

Ata Watan Eserleri

Şahzadbek Matýakubow dünýä çempionatynda bürünç medal gazandy

Türk döwletlerinden gelen daşary ýurtlularyň Türkiýede zähmet çekmek hukugy ara alnyp maslahatlaşyldy

Halkara Türk döwletleri hukuk kongresinde energetika hukugy boýunça mejlis geçirildi

Türkmenistanda teatr sungatynyň halkara festiwaly badalga aldy

Aşgabatda GDA-nyň Medeni hyzmatdaşlyk boýunça geňeşiniň mejlisi geçirildi

Ata Watan Eserleri

Türkmenistandan 120-den gowrak telekeçi türkmen-hytaý işewürler forumyna gatnaşdy

«Ojar Aziýa» Şanhaýda geçirilýän türkmen-hytaý işewürler forumynyň premium hyzmatdaşy boldy

Şanhaý şäherinde türkmen-hytaý işewürler forumy geçirildi

Türkmenistanyň Prezidenti Iordaniýanyň Patyşasy Abdulla II bilen duşuşdy

Ata Watan Eserleri

07-nji Noýabr ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

Türkmenbaşy deňiz portunda Türkmenistanyň we Pakistanyň gümrük işgärleri özara tejribe alyşdylar

Türkmenistandaky Lu Ban ussahanasynda halkara açyk informatika internet olimpiadasy geçirildi

06-njy Noýabr ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň Prezidenti emeli aňyň howpsuzlygy boýunça Akaba prosesiniň sammitine gatnaşýar

Türkmenistan Hytaýdaky halkara import sergisine gatnaşýar

Türkmenistan 10 aýda 219 halkara resminama baglaşdy

Türkmenistanyň ilçisi «Expo-2030» sergisine gatnaşmaga taýýarlyk meselelerini maslahatlaşdy

Türkmenistanyň ilçisi Rumyniýanyň daşary işler ministriniň geçiren duşuşygyna gatnaşdy

Ata Watan Eserleri

Ilçi Gozalow: МАМА «Ene Tebigat» atly halkara sergi ilkinji gezek Merkezi Aziýada Türkmenistanda geçirilýär