SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Aşgabat-London ugurlaryna petekler onlaýn satuwa çykarylýar

«Türkmenistan» awiakompaniýasy turkmenistanairlines.tm resmi web sahypasynda Aşgabat (ASB) — London (LGW) — Aşgabat (ASB) ugurlary boýunça petekleriň satuwyna başlady.
2024-nji ýylyň maý aýynda Türkmenistanyň raýatlary üçin Aşgabat — London ugrunda petekleriň bahasy 5950 TMT, London — Aşgabat ugrunda bolsa 6399.7 TMT. Şeýlelik bilen, ikitaraplaýyn petekleri 10017,6 TMT satyn alyp bolar.
turkmenistanairlines.tm web sahypasynda we «Türkmenhowaýollary» gullugynyň awiakassasynda petekleriň bahalarynyň dürlüçedigini ýatladýarys. Beýleki nyrhlar barada has giňişleýin maglumaty degişli baglanyşykdan tapyp bilersiňiz.

Related posts

BSGG: Dünýä koronawirus sanjymyna azyndan 100 milliard dollar sarp etmeli

Ata Watan Eserleri

Işgärler 2022-nji ýylda iş ýerlerine dolanarlar

Çagalar üçin adaty däl syýahata ýola düşerler