SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

BSGG: Dünýä koronawirus sanjymyna azyndan 100 milliard dollar sarp etmeli

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň Baş direktory Tedros Adhan Gebreýesus koronawirus epidemiýasyna, esasan hem, sanjym we beýleki lukmançylyk serişdeleri üçin azyndan 100 milliard dollar sarp etmelidigini habar berdi.

BSGG-niň Baş direktory Şweýsariýanyň Ženewa şäherindäki ştab-kwartirasynda wideokonferensiýa arkaly guralan metbugat ýygnagynda eden çykyşynda bu ýokanjyň gysga möhletli netijelerine garşy durmak üçin häzirki wagtda dünýäniň trillionlarça dollar sarp edýändigini mälim etdi.

Gebreýsus diňe G20 ýurtlarynyň epidemiýa garşy göreşmek üçin 10 trillion dollar ýygnandygyny habar berip, Halkara Pul Gaznasynyň epidemiýanyň dünýä ykdysadyýetine bir aýdaky oňyn däl täsiriniň 375 milliard dollara deň boljakdygyny belländigini we 2 ýylda dünýä ykdysadyýetinde 12 trillion dollardan gowrak ýitginiň boljakdygyny habar berdi.

Işlenip taýýarlanan sanjymlar we bu ýokanja garşy göreşmek üçin ulanyljak serişdeler üçin azyndan 100 milliard dollar sarp etmegiň zerurdygyny bellän BSGG-niň ýolbaşçysy guramanyň DSÖ’nün “ACT-Accelerator” maksatnamasy üçin 31,3 milliard dollar gerekdigini belledi.

Gebreýesus Covid-19-a garşy göreşde netijeli sanjymyň tapylmagy üçin dürli görnüşli köp möçberde sanjyma zerurlygyň bardygyny belläp, netijeli sanjym tapylan ýagdaýynda oňa bolan islegiň has köp boljakdygyny aýtdy.

Ýene-de okaň

Eýran howa giňişligini doly açdy

Türkmenistanyň syýahatçylyk kärhanalary Seul halkara syýahatçylyk sergisine gatnaşdy

«Türkmenistan» awiakompaniýasy: Dubaý we Abu-Dabi gatnawlary 15-nji iýuna çenli ýatyryldy

Türkmenistany temmäkiden azat ýurda öwürmek boýunça täze maksatnama tassyklandy

«Türkmenistan» awiakompaniýasy: Dubaý we Abu-Dabi gatnawlary 1-nji iýuna çenli ýatyryldy

Aşgabat-Awaza ugry boýunça yzygiderli awtobus gatnawlary başlanýar