DÜNÝÄ

Stambul howa menziline saglyk şahadatnamasy berildi

Stambul howa menzili dünýäde ilkinji bolup “Howa menziliniň saglyk akkreditasiýasy” şahadatnamasyna (Airport Health Accrediation) mynasyp boldy.

Bu şahadatnama, Stambul howa menziliniň dolandyryş kompaniýasynyň aladasy bilen 2020-nji ýylyň 24-nji iýulynda “Howa menzilleri geňeşi” tarapyndan başlanan maksatnamanyň çäginde berildi.

Şeýlelikde, Stambul howa menzili Türkiýede we dünýäde iň ösen sanitariýa we epidemiologiki howpsuzlygy bolan howa menzilleriniň sanawyna girdi.

Koronawirus pandemiýasy ýüze çykandan soň görülýän berk saglyk çäreleri sebäpli Stambul howa menzili ozal Türkiýäniň raýat awiasiýa administrasiýasynyň “Howa menzili pandemiýa şahadatnamasynyna” hem mynasyp boldy.

Mundan başga-da, Stambul howa menzili Ýewropanyň awiasiýa howpsuzlygy gullugy tarapyndan yglan edilen “COVID-19” Howpsuzlyk teswirnamasyna gol çekdi.

Ýene-de okaň

Kasym-Žomart Tokaýew Donald Trampy Gazagystana çagyrdy

Türkmenistanyň we Gruziýanyň daşary işler ministrleriniň telefon söhbetdeşligi

ABŞ-nyň Montana ştatynyň senatorynyň Aşgabada sapary

Türkmenistanyň daşary işler ministri Azerbaýjanyň ykdysadyýet ministri bilen duşuşdy

Azerbaýjan bilen Türkmenistan ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça teswirnama gol çekdiler

Azerbaýjan bilen Türkmenistan energetika hyzmatdaşlygyny maslahatlaşdy