SPORT

“Baýeri” kim duruzar?

Germaniýanyň futbol çempionatyndan wagtyndna öň çempion bolan “Baýer” topary 47 duşuşykdan bäri ýeňilmän gelýär. Özüniň 193 ýyllyk taryhynda ilkinji gezek çempion bolmagy başaran “Baýer” topary üstünlikli möwsümi geçiýär.

Möwsümiň tamamlanmagyna ýene-de az wagt galdy. Esasy zat “Baýer” toparyny kim duruzar? Ýa-da Habi Alonsonyň şägirtleri möwsümi ýeňilmän tamamlap bilermi?

“Baýer” topary Ýewropa ligasynyň ýarym finalynda myhmançylykda Italiýanyň güýçli “Roma” topary bilen duşuşdy. Bu duşuşykda ýene-de “Baýer” ýeňiş gazandy we bu ýaryşda finala çykmak üçin uly üstünlik gazandy.

Şeýlelikde, “Baýer” topary möwsümde geçiren 47 duşuşygynda ýeňilmedi. Bu duşuşyklaryň 39-synd aýeňiş gazanyp, 8 duşuşyk deňme-deň tamamlandy.

Bu eýýäm Ýewropanyň öňdebaryjy futbol çempionatlarynyň täze rekordydyr.

Ýene-de okaň

Messi Ispaniýanyň futbol klubynyň täze eýesi boldy

Döwletjan Ýagşymyradow: göreş — meniň durmuşym

Döwletjan Ýagşymyradow şu agşam tutluşyga çykar

Ata Watan Eserleri

Meşhur futbolçy Hristo Stoiçkow Aşgabatda öz tejribesini paýlaşdy

Awstraliýaly türgen Useýn Boltuň 20 ýyllyk rekordyny täzeledi

Türkmen boksçysy Döwlet Islamow Aziýa çempionatynda bürünç medal gazandy