SPORT

Ronaldo täze rekordyň eýesi

Angliýanyň “Mançester Ýunaýted” toparynyň portugaliýaly ýyldyzy Kristiano Ronaldo ýene-de bir rekordyň eýesi boldy. Ol resmi duşuşyklarda geçiren gollarynyň sany bilen dünýä rekordyny eýeledi.

“Mançester Ýunaýted” toparynyň hüjümçisi Ronaldo Angliýanyň milli çempionatynyň 29-njy tapgyrynda “Tottenhem” toparynyň derwezesine 3 gol geçirip, resmi duşuşyklarda geçiren gollarynyň sanyny 807-ä ýetirdi.

Ol bu gollaryny hem topar hem-de Portugaliýanyň milli ýygyndysynyň düzüminde oýnan döwründe geçirdi.

Bu görkeziji futbol taryhynyň iň gowy görkezijisidir. Mundan ozalky rekord awstriýaly Ýozef Bisan tarapyndan goýlupdy. “Rec.Sport.Soccer Statistics Foundation” (RSSSF) hasabatyna görä, Bisanyň geçiren gollarynyň sany 805-ä deňdir.

Ronaldo futbol durmuşynda “Sporting”, “Real”, “Ýuwentus” ýaly toparlarda oýnady.

 

Ses bermek tamamlandy: saýlawçylaryň 97,12% ses berdi

Ýene-de okaň

Robert Lewandowski Amerikada oýnar

Marokko Niderlandlary ýeňip, 1/8 finala çykdy

Garaşylmadyk netije: Germaniýa çempionat bilen hoşlaşdy

Enso Mareska Angliýanyň «Mançester Siti» toparynyň baş tälimçisi boldy

1/8 finala çykan ilkinji ýygyndy Kanada boldy

Dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň oýunlaryna 999 futbolçy gatnaşdy