SPORT

Türkmenistanda iň çalt gol hasaba alyndy

Futbol boýunça Ýokary liganyň, ýaşlar ligasynyň, Kubok bäsleşiginiň taryhynda derwezä geçirilen iň çalt gol ýaşlar düzümleriniň gatnaşmagyndaky futbol boýunça Türkmenistanyň birinjiliginiň 22-nji tapgyrynyň wagty süýşürilen duşuşygynda hasaba alyndy. Bu duşuşyk «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyndaky «Sport toplumy» stadionynda «Şagadamyň» ýaşlar düzümi bilen «Merw II» toparynyň arasynda boldy.

Bu duşuşykdaky esasy waka duşuşygyň 1-nji minutynda bolup geçdi. Şol pursat topy meýdanyň orta gürpünden derwezä depen Muhammet Allaberdiýew «Merw II» toparyny öňe saýlady. Gol geçirilen pursat oýnuň 4-nji sekunty dowam edýärdi.

Geçirilen bu taryhy top Garaşsyzlygymyzy alanymyzdan soň, Türkmenistanyň Futbol federasiýasy tarapyndan geçirilýän ähli ýaryşlaryň dowamynda iň çalt geçirilen top hökmünde hasaba alyndy.

Duşuşygyň ahyrky minutlarynda has netijeli çykyş eden «Şagadam II» toparynyň garşydaşyndan 3:2 hasabynda üstün çykandygyny bellemek gerek.

Ýene-de okaň

Tedesko “Fenerbahçe” toparynyň tälimçiliginden boşadyldy

“Akylly” şäherde futbol bäsleşigi

Saud topary Aziýanyň Çempionlar ligasynyň çempiony boldy

Hytaýda VI Aziýa kenarýaka oýunlaryna badalga berildi

Azerbaýjanda “UFC Fight Night” ýaryşlary geçiriler

George Haji Rumyniýanyň milli ýygyndysynyň baş tälimçisi boldy