SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Aşgabat-London ugurlaryna petekler onlaýn satuwa çykarylýar

«Türkmenistan» awiakompaniýasy turkmenistanairlines.tm resmi web sahypasynda Aşgabat (ASB) — London (LGW) — Aşgabat (ASB) ugurlary boýunça petekleriň satuwyna başlady.
2024-nji ýylyň maý aýynda Türkmenistanyň raýatlary üçin Aşgabat — London ugrunda petekleriň bahasy 5950 TMT, London — Aşgabat ugrunda bolsa 6399.7 TMT. Şeýlelik bilen, ikitaraplaýyn petekleri 10017,6 TMT satyn alyp bolar.
turkmenistanairlines.tm web sahypasynda we «Türkmenhowaýollary» gullugynyň awiakassasynda petekleriň bahalarynyň dürlüçedigini ýatladýarys. Beýleki nyrhlar barada has giňişleýin maglumaty degişli baglanyşykdan tapyp bilersiňiz.

Related posts

Otly gatnawlary wagtlaýyn duruzulýar

Dr.Döwran Orazgylyjov

“Türkmenistan” awiakompaniýasy: ýerli ýolagçy gatnawynyň tertibi

Rus awiakompaniýalary Türkmenistana uçmaga rugsat aldy