SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Işgärler 2022-nji ýylda iş ýerlerine dolanarlar

ABŞ-nyň “Facebook” kompaniýasy işgärleriniň iş ýerlerine dolanyp gelmegini ýene-de yza süýşürdi. Koronawirusyň “delta” görnüşiniň ýaýramagy bilen kompaniýa 2022-nji ýylyň başlarynda işgärlerini edara çagyrmagy göz öňünde tutýar.

– Koronawirusyň “delta” görnüşiniň ýaýramagy bilen ABŞ-daky işgärlerimiziň iş ýerilene dolanyp gelmegi baradaky görkezmäni 2022-nji ýylyň ýanwar aýynda almagyna garaşylýar – diýip, kompaniýanyň beýannamasynda bellenilip geçilýär.

Soňky döwürde ABŞ-da koronawirusyň “delta” görnüşiniň ýaýramagy bilen baglanyşykly goşmaça öňüni alyş çäreleri girizilip başlandy.

Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasynyň maglumatyna görä, koronawirus ýokanjynyň “delta” görnüşiniň 142 ýurtda peýda bolandygy mälim edildi.

 

 

Ozalky toparyna gaýdyp geldi

Related posts

THY: Aşgabada 3 sany ýörite uçar gatnawy

Çagalar üçin adaty däl syýahata ýola düşerler

Daşary ýurtlulara haj parzyny berjaý etmäge mümkinçilik döredilýär

Ata Watan Eserleri