SPORT

“Inter” topary Italiýanyň çempiony boldy

Italiýanyň futbol çempionatynda çempion belli boldy. Çempionatyň tamamlanmagyna 5 tapgyr galandygyna garamazdan, “Inter” topary çempionlygyny yglan etdi.

Çempionatyň 33-nji tapgyrynda “Inter” topary özüniň esasy bäsdeşlerinden “Milan” toparyny kabul etdi. Ýurduň çempionatynda “derbi” duşuşygynda 2:1 hasabynda üstünlik gazanan “Inter” topary 20-nji gezek Italiýanyň çempiony boldy.

Italiýanyň çempionatynda iň köp çempion bolan topar “Ýuwentusdyr”. Bu topar 36 gezek ýurduň çempiony boldy.

“Inter” toparynyň tälimçisi Simone Indzagi ilkinji gezek Italiýada çempion bolmagy başardy. Onuň tälim berýän topary çempionatyň tamamlanmagyna 5 tapgyr galanda 17 utuk aratapawut bilen çempionlygyny yglan etdi.

“Inter” topary soňky gezek 2020/21-nji möwsümde çempion bolupdy. 2021/22-nji möwsümde “Milan” we 2022/23-nji möwsümde bolsa “Napoli” ýurduň futbol çempionatynyň çempiony bolmagy başardy.

Ýene-de okaň

Dünýä çempionatyna Türkmenistandan üç boksçy gatnaşar

Türkmen türgenleri Fajr kubogyndan 16 medal gazandy

Messi Puşkaşyň dünýä rekordyny täzeledi

Messi karýerasynda 47-nji kubogyny gazandy

“FIFA 2026” dünýä çempionatyna ilkinji 2 million bilet satyldy

«Arkadag» topary “Andijan” bilen deňme-deň oýnady