SPORT

Erkekleri däl-de, zenanlary başardy

Ispaniýanyň dünýä belli “Barselona” toparynyň zenanlar topary Angliýanyň “Çelsi” toparyny 4:0 hasabynda utup, zenanlaryň arasyndaky Çempionlar Ligasynyň kubogyny gazandy.

Duşuşyk Şwesiýanyň Gýoteborg şäheriniň “Gampa Ullewi” stadionynda oýnaldy. “Barselona” toparynyň düzüminde Aleksiýa Putels, Aýtana Bonmanti we Karolin Hansen tapawutlandy.

Zenanlaryň arasynda Çempionlar ligasy 2001-nji ýyldan bäri geçirilýär. “Barselona” topary ilkinji gezek bu ýaryşda çempion boldy.

Bu ýaryşda öňdeligi Frasniýanň “Lion” topary eýeleýär. Bu toparyň zenan futbolçylary 7 gezek kubogy gazandy.

Umuman, “Barselona” toparynyň erkek futbolçylary üstümizdäki ýylda uly bir üstünlik gazanyp bilmediler. Olar çempion bolmak mümkinçiligini hem ýitirdiler. Onuň dereginde zenan futbolçylar toparyň adyny arşa galdyrdy.

Neşiriň taryhynda ilkinji gezek

 

Ýene-de okaň

Türkmen türgenleri 2026-njy ýylyň alty aýynda 415 medal gazandylar

Diego Forlan Urugwaýyň futbol ýygyndysyna baş tälimçi boldy

Makgregor 5 ýyldan soňra ýene ýeňildi

Ata Watan Eserleri

Messili Argentina ýarym finalda Angliýa bilen oýnar

Ýamal: Ispaniýa we Fransiýa dünýäniň iň güýçli ýygyndylary

Konor Makgregor tutluşyga çykýar