SPORT

Dünýä çempionatynyň kubogy dünýäni aýlanýar

Şu ýylyň noýabr-dekabr aýlarynda Katar döwletinde geçiriljek futbol boýunça dünýä çempionatynyň kubogy dünýä syýahatyna çykdy. Her gezek dünýä çempionatynyň öňüsyrasynda dünýä kubogynyň özboluşly syýahaty guralýar.

Däp bolan syýahat çäresi mynasybetli Kataryň paýtagty Dohada baýramçylyk dabarasy guraldy. Oňa müňlerçe janköýer gatnaşdy. Şu ýylyň ahyrynda bu ýerde Ýakyn Gündogarda ilkinji gezek dünýä çempionaty geçirilýär.

Dabaranyň esasy myhmanlarynyň hatarynda iki gezek dünýä kubogyny gazanan braziliýaly Kafu hem bar.

Şeýlelikde, dünýä çempionatynyň kubogy 54 ýurda aýlanyp çykar. Şol ýurtlaryň arasynda dünýä çempionatyna gatnaşjak 32 döwlet hem bar.

 

Ýene bir bazar iÅŸläp baÅŸlady: “GaraÅŸsyzlygyň 15 ýyllygy” Söwda Merkezi

Ýene-de okaň

Saud topary Aziýanyň Çempionlar ligasynyň çempiony boldy

Hytaýda VI Aziýa kenarýaka oýunlaryna badalga berildi

Azerbaýjanda “UFC Fight Night” ýaryşlary geçiriler

George Haji Rumyniýanyň milli ýygyndysynyň baş tälimçisi boldy

Döwletjan Ýagşymyradow 26-njy ýeňşini gazandy

“Bawariýa” 35-nji gezek Germaniýanyň çempiony boldy