SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Ýene bir ýörite uçar gatnawy: “Türkmenistan” awiakompaniýasy

“Türkmenistan” awiakompaniýasy ýakynda ýene bir ýörite uçar gatnawyny amala aşyrmagy meýilleşdirýär. Bu uçar gatnawy Stambul-Türkmenabat ugry boýunça amala aşyrylar. “Atavatan-Türkmenistan” halkara žurnalynyň www.atavatan-turkmenistan.com internet saýtynyň alan habaryna görä, bu ýörite gatnawdan ýurdumyzyň raýatlarynyň peýdalanmagyna garaşylýar. Bu uçar gatnawy 13-nji maýdan 14-nji maýa geçilýän gije amala aşyrylar.

Soňky wagtda “Türkmenistan” awiakompaniýasynyň we Türkiýäniň “Türkhowaýollary” kompaniýasynyň ýörite uçar gatnawlarynyň sany artýar. Öň habar berşimiz ýaly, dünýäde Kowid-19 ýokanjyna garşy öňüni alyş sanjymlarynyň gurşawynyň ýokarydygy göz öňünde tutulyp, BAE hem-de Germaniýanyň Frankfurt şäherine howa gatnawyny hepdede 1 gezek, pandemiýadan ozalky alnyp barlyşy ýaly ýola goýmak teklip edildi. Türkmenistanyň Prezidenti bu teklibi makullady.

Ýakynda habar berşimiz ýaly, şu ýylyň 13—nji Maýynda Moskwa ugry boýunça ýörite gatnaw ýerine ýetiriler.

Şeýle hem, 15-nji maýdan 16-nji maýa geçilýän gije  “Türkhowaýollary” awiakompaniýasy tarapyndan Stambul-Türkmenbaşy-Stambul ugry boýunça gatnaw amala aşyrylar.

 

Uçarlarda örtük dakynmagy ýatyrmaklyk teklip edildi

Russiýanyň Türkmenistandaky ilçihanasy: halkara ýörite uçar gatnawy barada

 

Türkmenistan: halkara uçar gatnawlary bölekleýin açylar

 

Ýene-de okaň

Ankara türki dünýäsiniň syýahatçylyk paýtagty boldy

Ata Watan Eserleri

Fransiýada jemgyýetçilik ýerlerinde çilim çekmek gadagan edildi

Ýylyň nika toýy: Jeff Bezos bilen Loren Sançes resmi taýdan öýlendi

Raýat awiasiýasy üçin halkara derejeli hünärmenler taýýarlanýar

Raýat awiasiýasynda uçuşlaryň howpsuzlygyny üpjün etmegiň Döwlet maksatnamasy tassyklanyldy

Türkmenistanyñ syýahatçylyk agentlikleriniñ wekilleri Türkiýä saparlarynda antalýa baryp gördüler