JEMGYÝET

Howa maglumaty: 17-23-nji maý aralygynda howalaryň yssy bolmagyna garaşylýar

Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň ýurdumyzda şu hepdäniň dowamynda boljak howanyň ýagdaýy barada maglumat berýär. Bu barada “Türkmenistan” gazetinde bellenilip geçilýär.

Balkan welaýatynda az-kem bulutly, hepdäniň ortasynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, gündogardan demirgazyk-günbatara ugruny üýtgedýän, tizligi sekuntda 8 — 13 metrden 12 — 17 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +15… +20 gradusdan +20… +25 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +33… +38 gradus yssy welaýatyň kenarýaka etraplarynda +29… +34 gradus maýyl bolar.

Ahal welaýatynda az-kem bulutly, hepdäniň ortasynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, gündogardan demirgazyk-günbatara ugruny üýtgedýän, tizligi sekuntda 6 — 11 metrden 10 — 15 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +14… +19 gradusdan +19… +24 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +29… +34 gradusdan +32… +37 gradus aralygynda yssy bolar.

Mary welaýatynda az-kem bulutly, hepdäniň ortasynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, demirgazyk-gündogardan demirgazyk-günbatara ugruny üýtgedýän, tizligi sekuntda 7 — 12 metrden 11 — 16 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +12… +17 gradusdan +17… +22 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +29… +34 gradusdan +32… +37 gradus aralygynda yssy bolar.

Lebap welaýatynda az-kem bulutly, hepdäniň ortasynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, demirgazyk-gündogardan demirgazyk-günbatara ugruny üýtgedýän, tizligi sekuntda 6 — 11 metrden 11 — 16 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +12… +17 gradusdan +18… +23 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +28… +33 gradusdan +32… +37 gradus aralygynda yssy bolar.

Daşoguz welaýatynda az-kem bulutly, hepdäniň ortasynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, demirgazyk-gündogardan demirgazyk-günbatara ugruny üýtgedýän, tizligi sekuntda 7 — 12 metrden 10 — 15 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +14… +19 gradusdan +18…+23 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +28…+33 gradusdan +32… +37 gradus aralygynda yssy bolar.

Paýtagtymyz Aşgabatda az-kem bulutly, hepdäniň ortasynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, gündogardan demirgazyk-günbatara ugruny üýtgedýän, tizligi sekuntda 7 — 10 metrden 10 — 13 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +16… +18 gradusdan +20… +22 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +32… +34 gradusdan +34… +36 gradus aralygynda yssy bolar.

 

Taryhynda ilkinji gezek Angliýanyň kubogyny eýeledi

 

 

Ýene-de okaň

Türkmenistanda Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisini geçirmäge taýýarlyk işleri başlady

Türkmenistanda ýokary derejeli halkara duşuşyklar we GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň sammiti geçiriler

Türkmenistanyň Prezidenti Katar Döwletiniň Emirine gynanç bildirdi

Dalaşgär-2026: ýokary okuw mekdepleriniň sanawy

Ata Watan Eserleri

Ispaniýa ýarym finalda Fransiýa bilen duşuşar

Türkmenistanda ýolbaşçylar 1-nji awgustdan dynç alşy çykarlar