SPORT

Özbek futbolçylary ilkinji gezek Olimpiýa oýunlarynda çykyş eder

Özbegistanyň futbol boýunça ýaşlar ýygyndysy Olimpiýa oýunlarynda çykyş etmek hukugyna eýe boldular. 23 ýaşa çenli ýaşlaryň arasynda geçirilýän Aziýa çempionatynyň ýarym finalynda Özbegistanyň ýygyndysy Indoneziýanyň ýygyndysy 2:0 hasabynda utdy.

Şeýlelikde, Özbegistanyň ýaşlar ýygyndysy Aziýa çempionatynyň finalyna çykdy we şu ýylyň tomsunda Fransiýanyň paýtagty Parižde geçiriljek tomusky Olimpiýa oýunlaryna gatnaşmak hukugyna eýe boldular.

Özbegistanyň ýygyndysy ilkinji gezek Olimpiýa oýunlarynda çykyş ederler. Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew hem ýurduň ýaşlar ýygyndysyny bu gazanan üstünligi bilen gutlady.

– Ýurdumyzyň sport janköýerleri, köpmilletli halkymyz Özbegistanda futbol taryhynda gazanylan bu ilkinji ajaýyp ýeňşi uly şatlyk bilen kabul etdiler. Bu biziň köpden bäri arzuw edip gelýän arzuwymyzdy. Täze Özbegistanyň ýaşlary, bu arzuwyň hasyl bolandygyna buýsanmaga hakyňyz bar – diýip, döwlet Baştutany öz gutlagynda beýan etdi.

Ýene-de okaň

Gwardiola 10 ýyllyk topary bilen hoşlaşdy

“Spartak” topary Russiýanyň Kubogyny gazandy

Ajun Ylyjalynyň «Hall Siti» topary Angliýanyň Premýer-ligasyna çykdy

«Bawariýa» topary 21-nji gezek Germaniýanyň kubogyny gazandy

Ukrainaly boksçy 3 guşagyny gorady

Ronaldo dünýäniň iň köp girdeji gazanýan türgeni