Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde geçirilen konsertde Brodweýiň sazlary Aşgabadyň aýdym-saz muşdaklaryny gurşap aldy. Bilelikdäki Amerikan-Türkmen konsertinde “Chicago”, “Phantom of the Opera” we “Annie” ýaly mýuzikllardan nusgawy eserler ýaňlandy. Amerikan sungat işgärleri Keýt Bass we Äron Ýaň, Resul Gylyjowyň ýolbaşçylygyndaky Döwlet simfoniki orkestriniň sazandalary, Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň solistleri, şeýle hem Mary we Lebap ýaşlar horlary sahnada bilelikde çykyş etdiler. Mundan öň bilelikdäki çykyşlar Mary we Türkmenabat şäherlerinde geçirilip, konsertler köp sanly tomaşaçylaryň ünsüni özüne çekdi. Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Türkmenistandaky Ilçisi Mettýu Klimow, Aşgabatda geçirilen konsertiň açylyş dabarasyna gatnaşdy. Ilçi Klimow ýygnananlara ýüzlenip, “Bu çykyş, iki ýurduň baý medeni mirasyna bagyşlanýar” diýip belledi.Konsert, Amerikan we Türkmen sungat işgärleriniň arasynda iki hepdelikalyş-çalyş maksatnamasynyň jemleýji nokady boldy. ABŞ-nyň Aşgabatdaky Ilçihanasy we Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi bilen bilelikde gurnalan bu maksatnama iki ýurduň arasynda köp ýyllyk işjeň medeni hyzmatdaşlygy dowam etdirýär. Bu hyzmatdaşlyk, Türkmenistanda we Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda tomaşaçylara dürli aýdym-saz, teatr, şekillendiriş we beýleki sungatlardan lezzet almaga mümkinçilik berdi, Amerikan we Türkmen sungat işgärleri bolsa özara alyş-çalyş arkaly öz hünärlerini baýlaşdyrdylar.
Köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň soraglaryny ABŞ-nyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň maglumat we medeniýet bölümine ibermegiňizi haýyş edýäris: USEmbassy-Ashgabat-PAS@state.gov