MEDENIÝET

Geýder Aliýewiň doglan gününiň 100 ýyllygy mynasybetli konsert geçiriler

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde Azerbaýjan Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi bilen bilelikde guramagynda azerbaýjan halkynyň umumymilli lideri Geýder Aliýewiň doglan gününiň 100 ýyllygy mynasybetli «Geýder Aliýew — Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň doganlygy» atly konsert geçiriler. Bu barada Medeniýet ministrliginiň saýtynda habar berilýär.

Konsert şu ýylyň 28-nji noýabrynda geçiriler.

Konsert başlamazyndan ozal Mukamlar köşgüniň foýesinde Geýdar Aliýewiň durmuşyny hem-de durmuşa geçiren işlerini, şeýle hem Azerbaýjanyň we Türkmenistanyň arasyndaky diplomatik gatnaşyklaryň ähmiýetini açyp görkezýän fotosuratlaryň sergisi guralar.

Azerbaýjanyň «Mugam» ansamblynyň hem-de Türkmenistanyň simfoniki orkestriniň bilelikde gatnaşmagynda guraljak konsertde sazandalar Azerbaýjanyň halk aýdymlaryny hem-de kompozitorlaryň döreden tanymal eserlerini ýerine ýetirerler.

Konsert 19:00-da başlanar. Giriş tölegsiz.

Ýene-de okaň

Neşirýat ulgamynyň kanunçylyk esaslary pugtalandyrylar

Türkmenistan Azerbaýjanda “Harybülbül” festiwalyna gatnaşdy

Ata Watan Eserleri

Türkmen filmleriniň halkara kinofestiwaldaky nobatdaky üstünligi

Türkmenistanda atlaryň saglygyna emeli aň arkaly gözegçilik ediler

Türkmen hünärmenleri Türkiýede guralan halkara teatr festiwalyna gatnaşdylar

22-27-nji iýun aralygynda Balkan welaýatynda Medeniýet hepdeligi geçiriler