MEDENIÝET

Türkmen talyplary Täjigistandaky teatr festiwalyna gatnaşýar

Şu gün Duşenbe şäherinde “Çodari haýol” atly VII halkara gurjak teatrlarynyň festiwaly öz işine başlady. Oňa Türkmen döwlet medeniýet institutynyň talyplary hem gatnaşýar. Bu barada Türkmenistanyň Täjigistandaky ilçihanasy habar berýär.

Festiwalda türkmen talyplary “Baky rowaýatl” spektaklyny görkezdiler. Bu spektakl türkmen halkynyň Milli Lideriniň “Enä tagzym — mukaddeslige tagzym”, “Türkmenistan – Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi”, “Türkmen alabaýy” ýaly kitaplary esasynda goýuldy.

Türkmen talyplarynyň sahna oýny tomaşaçylaryň uly söýgüsini gazandy. Tomaşaçylar Türkmenistanyň talyplaryna uzak wagtlap şowhunly el çarpdylar.

Duşenbe şäherinde geçirilýän halkara gurjak teatrlarynyň festiwaly ýurduň Hökümetiniň goldawy bilen Täjigistanyň Medeniýet ministrligi tarapyndan geçirilýär. Onuň maksady – gurjak teatr sungaty ulgamynda hyzmatdaşlygy berkitmekden, gurjak teatry ösdürmekden we dikeltmekden, ösüp gelýän ýaş nesli estetik taýdan terbiýelemägi kämilleşdirmekden ybaratdyr.

Türkmenistanyň talyplarynyň bu halkara festiwalda Russiýadan, Gazagystandan, Özbegistandan we Eýrandan gelen teatr kärdeşleriniň arasynda çykyş etmegi diňe bir uly jogapkärçilik bolmak bilen çäklenmän, eýsem sahna tejribeligini ösdürmek üçin möhüm ädim boldy.

Bu halkara festiwal 2023-nji ýylyň 29-njy oktýabryna çenli dowam eder.

Ýene-de okaň

Türkmen suratkeşleriniň halkara üstünligi

Dünýä belli aktýor Çak Norris aradan çykdy

“Oskar-2026” baýragynyň ýeňijileri belli boldy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanda Milli bahar baýramy ýokary derejede bellener

Aşgabatda «Iň eýjejik gyzjagaz — 2026» bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi

Halkara zenanlar güni mynasybetli baýramçylyk konserti

Ata Watan Eserleri