MEDENIÝET

Türkmenistanda Garaşsyzlyk baýramy mynasybetli geçiriljek medeni çäreler

22-nji sentýabrynda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde wise-premýer M.Mämmedowa Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 32 ýyllygy mynasybetli meýilleşdirilen çärelere taýýarlyk görlüşi barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, şanly senäniň hormatyna Döwlet sylaglaryna mynasyp bolan medeniýet ulgamynyň işgärlerini hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmeniň Altyn asyry” atly bäsleşiginiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy geçiriler.

Baýramçylyk çäreleriniň maksatnamasyna laýyklykda, Garaşsyzlyk binasyna gül goýmak, ýurdumyzyň welaýatlarynyň Baş baýdak meýdançalarynda Döwlet baýdagyny galdyrmak dabaralary geçiriler, Aşgabatda Döwlet münberiniň öňündäki baýramçylyk meýdançasynda dabaraly ýöriş bolar, “Älem” medeni-dynç alyş merkeziniň öňündäki meýdançada baýramçylyk konserti we feýerwerki meýilleşdirilýär. Şular bilen bir hatarda, Halkara ahalteke atçylyk toplumynda baýramçylyk at çapyşyklary geçiriler, şeýle hem bagşy-sazandalaryň çykyşlary, amaly-haşam sungatynyň eserleriniň sergisi, sungat ussatlarynyň çykyşlary guralar.

Ýene-de okaň

Dünýäniň iň kiçi aty rekordlar kitabyna girizildi

Ata Watan Eserleri

Türkmen kinosy «Göwher kebelek» kino baýragyna mynasyp boldy

Täze tapylan taryhy gymmatlyklar ýurdumyzyň muzeýlerine tabşyryldy

Meksikanyň wekili “Älem gözeli-2025” bäsleşiginiň ýeňijisi boldy

Ata Watan Eserleri

17-nji noýabr – Bütindünýä baklawa güni

Saragt Babaýewe Türki dünýäniň Çeperçilik sungatlary akademiýasynyň akademigi diýen hormatly at dakyldy