MEDENIÝET

«Türkmenistan polşaly suratkeşiň gözi bilen» atly sergi geçirilýär

Paýtagtymyzda ýerleşýän Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky şekillendiriş sungaty muzeýinde Polşa Respublikasynyň Suratkeşler birleşiginiň agzasy Joanna Galeçkanyň «Türkmenistan polşaly suratkeşiň gözi bilen» atly sergisiniň açylyş dabarasy boldy.

Daşary ýurtly suratkeşiň sergisinde goýlan her bir eserde bagtyýar durmuşda ýaşaýan türkmen halkynyň durmuşy, milliligi, şeýle hem ajaýyp tebigaty reňkleriň sazlaşygynda açylyp görkezilýär. Joanna Galeçkanyň döredijilik sergisi dürli reňk öwüşginleriniň özara baglanyşygy bilen tapawutlanyp, ony synlanlarda ýakymly duýgulary döredýär.

Polşaly suratkeşiň «Aşgabat bazary», «Felisiýanyň topragy», «Günler we gije» we beýleki köpsanly nakgaş we grafiki eserler toplumy beýleki işlerinden has-da tapawutlanýar.

Sergi 3 günläp dowam eder.

Ýene-de okaň

Türkmen suratkeşleriniň halkara üstünligi

Dünýä belli aktýor Çak Norris aradan çykdy

“Oskar-2026” baýragynyň ýeňijileri belli boldy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanda Milli bahar baýramy ýokary derejede bellener

Aşgabatda «Iň eýjejik gyzjagaz — 2026» bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi

Halkara zenanlar güni mynasybetli baýramçylyk konserti

Ata Watan Eserleri