MEDENIÝET

Arkadag şäheriniň teatrynda ilkinji sahna oýny görkezildi

Täze açylan Arkadag şäheriniň A.Gulmammedow adyndaky döwlet drama teatrynda «Döwlet daragty» diýlip atlandyrylan ilkinji sahna oýny tomaşaçylara hödürlendi. Edebi esasy Türkmenistanyň halk ýazyjysy Gowşutgeldi Daňatarowa degişli bolan sahna oýny Türkmenistanyň sungatda at gazanan artisti Aýnazar Batyrowyň režissýorlyk etmeginde sahnalaşdyryldy.

Drama eseri türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Döwlet guşy», «Älem içre at gezer», «Ömrümiň manysynyň dowamaty» ýaly eserlerinde beýan edilýän wakalara we gymmatly maglumatlara esaslanýar. Sahna oýny bäş bölümden ybarat bolup, olaryň her haýsynda dürli taryhy döwrüň wakalary janlandyrylyp, olarda bu mukaddes toprakda ýaşan, döreden şahsyýetleriň döredijilik ykballary we olaryň manyly ömür ýoly barada söhbet açylýar.

Sahna oýnunyň jemleýji bölümi täze açylan teatra ady dakylan belli artist hem režissýor, Türkmenistanyň halk artisti Aman Gulmammedowyň döredijilik ýoluna bagyşlanýar. Onda belli artistiň döreden hem-de bir döwürde zähmet çeken kärdeşleriniň keşpleri janlandyrylýar.

Sahna oýnunda ýurdumyzyň halk we at gazanan artistleri we teatr sungatyna ýaňy gadam basan ýaş artistleriň onlarçasy ussatlyk bilen keşp janlandyrdylar. Olaryň ýerine ýetiren sahna eseri tomaşaçylaryň gyzgyn el çarpyşmalaryna mynasyp boldy.

Ýene-de okaň

Dünýäniň iň kiçi aty rekordlar kitabyna girizildi

Ata Watan Eserleri

Türkmen kinosy «Göwher kebelek» kino baýragyna mynasyp boldy

Täze tapylan taryhy gymmatlyklar ýurdumyzyň muzeýlerine tabşyryldy

Meksikanyň wekili “Älem gözeli-2025” bäsleşiginiň ýeňijisi boldy

Ata Watan Eserleri

17-nji noýabr – Bütindünýä baklawa güni

Saragt Babaýewe Türki dünýäniň Çeperçilik sungatlary akademiýasynyň akademigi diýen hormatly at dakyldy