JEMGYÝET

Türki döwletleriň Medeniýet hepdeligine badalga berildi

Şu gün Aşgabat şäherinde Türki döwletleriň Medeniýet hepdeligine badalga berildi. TÜRKSOÝ-nyň döredilmeginiň 30 ýyllygy mynasybetli geçirilýän Türki döwletleriň Medeniýet hepdeliginiň açylyş dabarasy paýtagtymyz Aşgabatdaky Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda geçirildi.

24 — 29-njy iýun aralygynda geçirilýän bu medeni foruma Türkmenistandan, Azerbaýjandan, Gazagystandan, Gyrgyzystandan, Türkiýeden we Özbegistandan şeýle hem TÜRKSOÝ-nyň wekilleri gatnaşýar. Belläp geçsek, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow TÜRKSOÝ-yň döredilmeginiň 30 ýyllygy mynasybetli geçirilýän Türki döwletleriň Medeniýet hepdeligine gatnaşyjylara Gutlag hatyny iberdi.

Türki döwletleriň Medeniýet hepdeliginiň açylyş dabarasyna Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Mährijemal Mämmedowa, Türki medeniýetiniň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ-yň) Baş sekretary Sultan Raýew, Türkiýe Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Togan Oral, medeniýet we sunagt işgärleri, şeýle hem köp sanly myhmanlar gatnaşdy.

Açylyş dabarasyna Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Mährijemal Mämmedowa Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň bu medeni foruma gatnaşyjylara iberen Gutlag hatyny iberdi.

Türkmenistan bilen Türki medeniýetiň halkara guramasynyň — TÜRKSOÝ-nyň arasynda halkara medeni hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak ugrunda giň gerimli işler alnyp barylýar. Häzirki döwürde TÜRKSOÝ tarapyndan türki dilli döwletleriň arasynda özara medeni gatnaşyklar yzygiderli kämilleşdirilýär. Gurama agza ýurtlar bilen dost-doganlyk gatnaşyklaryny ösdürmek ýurdumyzyň daşary syýasatynda aýratyn orny eýeleýär – diýlip, Türkmenistanyň Prezidentiniň hatynda bellenilip geçilýär.

Türki medeniýetiniň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ-yň) Baş sekretary Sultan Raýew öz gezeginde türki döwletleriň arasyndaky medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryň yzygiderli pugtalandyrylýandygyny uly kanagatlanma bilen belläp geçdi.

Aylyş dabarasynyň çäklerinde Türkmenistanyň, şeýle hem bu halkara foruma gatnaşyjy – Azerbaýjandan, Gazagystandan, Gyrgyzystandan, Türkiýeden we Özbegistandan gelen sungat ussatlarynyň çykyşlaryna tomaşa edildi.

Teatryň sahnasynda türki döwletleriň aýdymdyr sazlary ýaňlandy. Her ýurt özüniň milli sungatyny ýaýbaňlandyrmak bilen özara gatnaşyklarda medeni hyzmatdaşlygyň ähmiýetiniň uluygyny görkezdiler.

Mälim bolşy ýaly, TÜRKSOÝ-yň döredilmeginiň 30 ýyllygy mynasybetli Gazagystanda, Gyrgyz Respublikasynda, birnäçe gün mundan ozal Özbegistanda dürli medeni çäreler geçirilip, bu halkara medeni guramasynyň ýubileý ýyly giňden bellenildi.

Ýene-de okaň

Türkmenistanda Oraza baýramynyň hormatyna baýram namazy okaldy

Türkmen halkynyň Milli Lideri Hytaýyň halkara atçylyk toplumyna baryp gördi

Türkmen halkynyň Milli Lideri ahalteke bedewleriniň hytaýly muşdaklary bilen duşuşdy

Ata Watan Eserleri

Hytaýly atşynaslar Türkmen bedewiniň milli baýramyna çagyryldy

Dünýä liderleri Türkmenistanyň Prezidentini Oraza baýramy bilen gutlaýarlar

Türkmenistanyň Prezidenti Oraza baýramy bilen gutlady