JEMGYÝET

Leýla Aliýewa we Saida Mirziýoýewa Awazada duşuşdy

Geýdar Aliýew gaznasynyň wise-prezidenti Leýla Aliýewa “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen zenanlaryň jemgyýetdäki ornuna bagyşlanan halkara maslahatynyň çäklerinde Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň Diwanynyň ýolbaşçysy Saida Mirziýoýewa bilen duşuşdy.

Duşuşykda Azerbaýjan bilen Özbegistanyň arasyndaky hyzmatdaşlyk gatnaşyklary, şol sanda Geýdar Aliýew gaznasynyň we Özbegistanyň “Zamin” halkara jemgyýetçilik gaznasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň iki ýurduň ýokary derejedäki gatnaşyklaryna goşýan goşandy barada pikir alşyldy.

Şeýle hem Azerbaýjanyň hem-de Özbegistanyň ýokary derejeli wekiliýet ýolbaşçylary Türkmenistanda geçirilen halkara maslahatyň ähmiýetini belläp, zenanlaryň syýasy, ykdysady durmuşa işjeň çekilmegi, bu ugurda köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň we dialogyň giňeldilmegi nukdaýnazaryndan örän ähmiýetlidigi bellenildi.

Zenanlaryň dürli ugurlarda, şol sanda durnukly ösüşi üpjün etmek babatda ylym we saglygy goraýyş ulgamlaryndaky ornunyň pugtalandyrylmagynyň wajypdygy bellenilip geçildi.

Related posts

Sowur (Öküzçe 21.04 — 20.05)

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň Mejlisinde 2026-njy ýyl üçin Döwlet býujetine garaldy

Yslam ösüş banky Türkmenistanda 20-den gowrak taslamany maliýeleşdirdi