JEMGYÝET

Milli Liderimiz: ABŞ bilen köpugurly hyzmatdaşlygymyzy ösdürmäge taýýardyrys

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyza sapar bilen gelen Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Senatynyň Energetika we tebigy serişdeler boýunça komitetiniň agzasy, Montana ştatyndan senatory Stiw Deýns bilen duşuşdy.

Senator Stiw Deýns ABŞ bilen Türkmenistanyň BMG-niň çäklerinde işjeň hyzmatdaşlygy alyp barýandyklaryny belledi. Şeýle hem myhman Gahryman Arkadagymyzyň sporty, hususan-da, golf sportuny ösdürmäge möhüm ähmiýet berýändigini aýdyp, ABŞ-da hem bu sportuň muşdaklarynyň örän köpdügine ünsi çekdi. Duşuşygyň dowamynda nygtalyşy ýaly, söwda-ykdysady ulgam Türkmenistan bilen ABŞ-nyň arasyndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar.

Milli Liderimiz bilim we ylym ulgamlarynda bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny aýdyp, ýurdumyzyň medeniýetara dialogy hemmetaraplaýyn giňeltmäge gönükdirilen tagallalary dowam etdirmäge taýýardygyny tassyklady. Bellenilişi ýaly, medeni maksatnamalar, bilim taslamalary, ylmy hyzmatdaşlyk halklarymyzyň däp-dessurlaryny hem-de gymmatlyklaryny has içgin öwrenmäge ýardam berýär. Şeýle hyzmatdaşlyk özara ynanyşmak, hormat goýmak ýagdaýyny kemala getirýär. Bu bolsa uzak möhletleýin diplomatik gatnaşyklaryň üstünlikli ösdürilmegine ýardam edýär.

Duşuşygyň dowamynda Gahryman Arkadagymyz Türkmenistanyň Amerikanyň Birleşen Ştatlary bilen uzak möhletleýin, köpugurly hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge taýýardygyny tassyklady.

Ýene-de okaň

Ispaniýa ýarym finalda Fransiýa bilen duşuşar

Türkmenistanda ýolbaşçylar 1-nji awgustdan dynç alşy çykarlar

Dalaşgär-2026: dalaşgärler üçin saglyk öýleri

Dalaşgär-2026: Giriş synaglary üçin zerur bolan resminamalar

Türkmenistanda 2026-2027-nji okuw ýyly üçin okuwa kabul ediş möwsümi başlaýar

Balkan we Mary welaýatlaryna täze häkimler bellendi