Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 69-sy hasaba alyndy.Daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirlikleriniň, Owganystanyň, Özbegistanyň, Gonkongyň telekeçileri “Türkmennebit” döwlet konserniniň tehnologik enjamlarynda öndürilen dizel ýangyjyny, awtobenzini, uçar kerosinini, “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen ECO-93 kysymly awtobenzini satyn aldylar.Bulardan başga-da, daşary ýurt puluna Türkiýäniň we Gyrgyzystanyň işewür toparlarynyň wekilleri nah ýüplügi satyn aldylar. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 78 million 89 müň dollaryndan gowrak boldy.Şeýle hem Hindistanyň, BAE-niň telekeçilerine manat serişdelerine nah ýüplük ýerlenildi. Geleşikleriň jemi bahasy 2 million 223 müň manada deň boldy.Ýurdumyzyň işewürleri içerki bazar üçin jemi bahasy 50 million 589 müň manatdan gowrak bolan “Türkmennebit” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen ýol bitumyny, el halylaryny satyn aldylar.