IŞ ORUNLARY & TENDERLER

Bereket etrabynyň çäginde ýerleşýän kärhanalarda boş iş orunlary hödürlenýär

Bereket etrabynyň çäginde ýerleşýän kärhanalaryň, guramalaryň, edaralaryň hem-de hususy telekeçileriň, şeýle hem etrabyň ýaşaýjylarynyň dykgatyna!

Balkan welaýatynyň Zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçiligi müdirligi hem-de Bereket etrabynyň zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçiligi bölümi 2025-nji ýylyň 15-nji oktýabrynda Bereket etrabynyň zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçiligi bölümi edara binasynyň jaýynda, sagat 10:00-dan 12:00-a çenli boş iş orunlarynyň ilata hödürleniş çäresini geçirýändigini habar berýär!

Kärhanalaryň, guramalaryň, edaralaryň hem-de hususy telekeçileriň, özlerindäki boş iş orunlary baradaky maglumatlary bilen bilelikde agzalan çärä wekilleriniň gatnaşmaklaryny üpjün etmeklerini;

Işe ýerleşmek isleýän raýatlaryň bolsa şahsyýetini tassyklaýan resminamasy, eger bar bolsa, zähmet depderçesi hem-de hünärini tassyklaýan resminamasy bilen agzalan çärä gatnaşmaklaryny haýyş edýäris.

Çäräniň geçiriljek ýeriniň salgysy: Bereket etrabynyň zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçiligi bölümi edara binasynyň jaýynda.

Habarlaşmak üçin: +993247 31382.

Related posts

Bäsleşik: «Ýaşyl depe» suw göteriji bekedi üçin halkara bäsleşigi

Ata Watan Eserleri

Bäsleşik: lukmançylyk enjamlaryny satyn almak

Bäsleşik:«Eni Türk­me­nis­tan Li­mi­ted» kom­pa­ni­ýa­sy № 10104909