IŞ ORUNLARY & TENDERLER

Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligi halkara bäsleşik yglan etdi

Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligi Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň buýurmagynda Aşgabat şäherinde Halkara fiziologiýa ylmy-kliniki merkeziniň binalar toplumynyň taslamasyny düzmek we gurmak boýunça HALKARA BÄSLEŞIK yglan edýär. Bu barada “Türkmenistan” gazetinde degişli bildiriş çap edildi.

Gyzyklanma bildirýän taraplaryň haýyşnamalary we teklipleri Aşgabat şäheriniň Arçabil şaýolunyň 84-nji jaýynda ýerleşýän, Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň Bazary öwreniş we daşary ykdysady gatnaşyklar müdirliginde bellenilen tertipde kabul edilýär hem-de resmileşdirilýär.

Haýyşnamalar şu bildirişiň gazetde çap edilen gününden başlap, 2021-nji ýylyň 12-nji martyna çenli kabul edilýär.

Habarlaşmak üçin telefon belgileri: 44-46-36, 44-46-64, 44-46-77

 

Söhbetdeşlik Sahypamyz

Ýurdumyzyň sungat ussatlary bilen taýýarlanan bir-birinden gyzykly söhbetdeşlikleri bu sahypamyzdan okap bilersiňiz!

Related posts

Bäsleşik: enjamlary satyn almak

Bäsleşik:Maliýe we ykdysadyýet ministrligi

Bäsleşik:Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi