IŞ ORUNLARY & TENDERLER

Bäsleşik:Daşoguz şäherinde gurulýan ýaşaýyş jaýlar we desgalar toplumyna potratçylary seçip-saýlap almak boýunça

Daşoguz welaýat häkimligi Türkmenistanyň Prezidentiniň Kararyna laýyklykda Daşoguz şäherinde gurulýan ýaşaýyş jaýlar we desgalar toplumynyň çäginde gurulmaly Saglyk merkeziniň gurluşygyna potratçylary seçip-saýlap almak boýunça BÄSLEŞIK yglan edýär

Bäsleşige gatnaşmak üçin Türkmenistanda resmi tertipde bellige alnan ýerli edara-kärhanalar çagyrylýar.

Bäsleşige gatnaşmak isleýänlerden edilýän talaplar:

— gatnaşyjynyň doly adyny, hukuk derejesini, Türkmenistanda resmi tertipde bellige alnandygy barada maglumatlary görkezmek bilen, bäsleşige gatnaşmak barada ýazmaça arza bermek;

— edara-kärhananyň maddy-tehniki binýady barada maglumat;

— hususy kärhanalara Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesinden kepilnama;

— häzirki wagta çenli ýerine ýetiren gurluşyk-abatlaýyş işleri barada maglumat.

Bäsleşik teklipleri 2023-nji ýylyň 30-njy iýulyna, sagat 9:00-dan 18:30-a çenli kabul edilýär.

Salgysy: Daşoguz şäheriniň S.Türkmenbaşy şaýolunyň 10/1-nji jaýy.

Habarlaşmak üçin telefon belgisi: 800322 9-03-02, faks belgisi: 800322 9-03-14.

Related posts

Bäsleşik:Türk­me­nis­ta­nyň Sag­ly­gy go­ra­ýyş we der­man se­na­ga­ty mi­nistr­li­gi

«Senagat»: bankyň hasabyndaky bina satylýar

ÜNS BERIŇ! ynançly dolandyrmaga hödürlenen desgalar

Leave a Comment