JEMGYÝET

Miller: Türkmenistan bilen gaz ulgamyndaky hyzmatdaşlygymyzy hil taýdan täze derejä çykararys

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow “Gazprom” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň müdiriýetiniň başlygy Alekseý Milleri kabul etdi.

“Watan” habarlar gepleşiginde bellenilip geçilişi ýaly, Türkmenistanyň Prezidenti “Gazprom” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň müdiriýetiniň başlygynyň şu gezekki Aşgabada saparynyň ýangyç-nergetika toplumyndaky netijeli hyzmatdaşlygyň pugtalandyrmagyna ýardam berjekdigini belledi.

Duşuşykda iki ýurduň arasyndaky yangyç-energetika toplumynda hyzmatdaşlyk etmegiň ugurlary ara alyp maslahatlaşyldy.

Duşuşykdan soňra habarçylara beýanat beren “Gazprom” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň müdiriýetiniň başlygy Alekseý Miller Türkmenistanyň Prezidenti bilen örän netijeli duşuşygynyň bolandygyny belledi.

Mälim bolşy ýaly, “Gazprom” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti bilen Türkmenistanyň gaz pudagynda köp ýyllaryň dowamynda hyzmatdaşlyk edip gelýändigini bellän Miller Russiýa Federasiýasy bilen Türkmenistanyň arasyndaky gatnaşyklaryň taryhy köklere eýedigini belledi.

Miller şu günki duşuşykda ýakyn geljekde Türkmenistan bilen gaz ulgamyndaky hyzmatdaşlygymyzy hil taýdan täze derejä çykarmagyň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşandyklaryny aýtdy.

Rus işewüri duşuşygyň barşynda ýola goýlan hyzmatdaşlygymyzyň häzirki ýagdaýy we gelegi barada pikir alşandyklaryny belläp, hyzmatdaşlygyň örän ýokary derejededigini mälim etdi.

Türkmenistan tebigy gazyň ägirt uly gorlaryna eýedir, şonuň üçin hem bu ugurda hyzmatdaşlygymyz has-da ösdüriljekdigine ynanýaryn, diýip Miller belledi.

Ýene-de okaň

Seýşel adalarynyň daşary işler ministriniň Türkmenistana ilkinji sapary

Hytaýyň uniwersiteti türkmen ýaşlary üçin doktorantura kabul edişlik yglan edýär

Aşgabatda Täjigistanda geçiriljek halkara suw forumyna bagyşlanan brifing geçirildi

Çempionlar ligasynyň taryhy duşuşygy: “PSŽ” – “Bawariýa”: 5:4

Müsür Türkmenistana täze ilçi belledi

Türkmen nakyllary meşhur Barnes & Noble platformasynda neşir edildi