DÜNÝÄJEMGYÝET

Dünýäniň iň uly agaç binasy guruldy

Ýaponiýanyň Osaka şäherinde geçirilýän “ESKPO-2025” Bütindünýä sergisiniň gatnaşyjylary we syýahatçylary üçin özboluşly desga guruldy. Agaçdan ýasalan dünýäniň iň uly binasy ilkinji myhmanlaryny kabul edip başlady.

“Uly halka” (Grand Ring) adyna eýe bolan bu desga Bütindünýä sergisi üçin guruldy. Onuň esasy aýratynlygy diňe agaç önümlerinden gurulmagydyr. 12 metr beýikligi bolan desganyň uzylygy 30 metr, diametri 675 metre deňdir. Ol gadymy ýapon däplerine laýyklykda gurlup, hiç hili döwrebap tehnologiýa ulanylmady.

“Uly halka” desgasy “Sou Fujimoto Architects” kompaniýaysnyň binagäri tarapyndan işlenip düzüldi. Onda ýapon gurluşyk däpleriniň üstünlikleri açylyp görkezilýär. Agaç önümlerinden bina galdyrmak däpleri häzirki wagtda tutuş dünýäde giňden ýaýrap başlady we Günüň dogýan ýurdy bu ugurdaky ukyp-başarnyklaryny we baý tejribesini täze guran desgasy bilen görkezdi.

Halkalaýyn desga serginiň çäklerinde gurlup, ol şol bir wagtda synlaýyş meýdançasy hem-de gezelenç etmek üçin özboluşly desga hökmünde hyzmat eder.

Ýene-de okaň

“Merkezi Aziýa – Hytaý” formatynyň daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň duşuşygy

«Ak şäherim Aşgabat» atly halkara sergisi geçirilýär

Tbiliside türkmen halysynyň baýramy bellenildi

Türkmenistanyň wekiliýetiniň Saud Arabystanyna sapary

“Galkynyş” topary Stambulda geçirilen 7-nji Halkara etnosport festiwalyna gatnaşdy

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy HHR-iň Başlygynyň orunbasary bilen duşuşdy

Ata Watan Eserleri