DÜNÝÄ

Eýranyň kooperatiwler, zähmet we durmuş abadançylygy ministriniň Aşgabada sapary

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Eýran Yslam Respublikasynyň Kooperatiwler, zähmet we durmuş abadançylygy ministri jenap Soulat Mortazawiniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşygy geçirildi.

Özara salamlaşykdan soň taraplar, soňky ýyllarda özgermegini dowam edýän giň tejribä we deňhukuklyga, hoşniýetli goňşuçylyk we birek-birege hormat goýmak ýörelgelerine esaslanýan iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ýokary derejesini belläp geçdiler.

Taraplar ýokary derejeli duşuşyklaryň, hususan-da, Türkmenistanyň we Eýranyň Prezidentleriniň arasyndaky ikitaraplaýyn dostlukly gatnaşyklary ösdürmekde netijeli we özara ynama esaslanýan gepleşikleriň ähmiýetini nygtap geçdiler.

Gepleşikleriň dowamynda taraplar ykdysady gatnaşyklaryny, ilkinji nobatda bolsa energetika, ulag we üstaşyr ulgamlarynda hyzmatdaşlygy giňeltmek meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. R.Meredow sebitleriň ýakynlaşmagy ugrundaky ikitaraplaýyn söwda we ykdysady gatnaşyklaryň göwrümini ýokarlandyrmagynyň meselelerini beýan etdi.

Söwda we ykdysady hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň ara alnyp maslahatlaşylmagynyň çäklerinde iki ýurduň arasyndaky haryt dolanyşygy söwdanyň oňyn ösüşi bellenilip geçildi. Bu nukdaýnazardan, bar bolan berk kuwwatyny yzygiderli durmuşa geçirmek boýunça taraplar özara haryt dolanyşygynyň göwrümini ýokarlandyrmaga itergi bermegiň möhümdigini bellediler.

Şeýle hem, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-eýran toparynyň işine-de üns berildi.

Ýene-de okaň

Donald Tramp 80 ýaşady

Türkmenistanda Buddanyň heýkeliniň kelle bölegini dikeltmek işi dowam edýär

Türkmenistanyň ilçisi Filippinleriň Garaşsyzlyk gününiň çärelerine gatnaşdy

Türkmenistan Pekinde geçirilen Adam hukuklary ýokary derejeli foruma gatnaşdy

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-slowak toparynyň mejlisi geçiriler

Türkmenistanyň wekiliýeti Howanyň üýtgemegi boýunça Bonn maslahatyna gatnaşýar