SIZDEN GELENLER

Himiýa senagaty: Tehnologiýa, ylym we ýaşlaryň orny

Milli  ykdysadyýetimizi hem-de onuň pudaklaryny diwersifikasiýa ýoly bilen depginli ösdürmek maksady bilen Diýarymyzyň tebigy serişdelerini gaýtadan işlemek, özleşdirmek boýunça tehnologiýalary işläp taýýarlamagyň zerurdygy üns merkezinde saklanýar.

Şoña görä-de häzirk durmuşyñ aýratynlyklaryna laýyklykda ylmyñ esasy ugurlarynda işläp-düzmeleri we taslamalary durmuşa geçirmek zerurdyr. Durmuşyň häzirki şertlerinde himiýa senagatynyň eýeleýän ornununa seredeniñde hem bu ugurdaky ylmy ösdürmegiñ has-da işjeñleşdirilmelidigine göz ýetirmek mümkin. Elbetde, lukmançylyk we saglygy goraýyş, agyr we ýeňil maşyngurluşygy, durmuş himiýasy, mebel önümçiligi, azyk senagaty we iň täze ylmy pudaklaryň ählisi ol ýada beýleki derejede himiýa önümleriniň önümçiligine bagly bolup durýar.

Garaşsyz ýurdumyzda bolsa bu ulgamda barlaglaryň gerimini giňeltmek we netijeliligini ýokarlandyrmak üçin esasy ugurlar kesgitlenip, degişli Maksatnamalar esasynda aýdyñlaşdyryldy. Has anygy bu ugurdaky wezipeler Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan 2020-nji ýylyň 16-njy oktýabrynda tassyklanylan himiýa ylmyny we tehnologiýalary 2021-2025-nji ýyllarda toplumlaýyn ösdürmegiň döwlet maksatnamasynyň esasynda goýuldy. Gahryman Arkadagymyzyñ  başlangyjy bilen kabul edilen Maksatnamanyň baş maksady ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ähli ulgamlarynda özgertmeler durmuşa geçirilende, ylmyň eýeleýän ornuny artdyrmakdan, ekologiýa taýdan arassa we daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürmekde himiýa ylmynyň mümkinçiligini peýdalanmakdan, täzeçil we sanly tehnologiýalary peýdalanmak bilen, dünýä bazarlarynda ýurdumyzyň himiýa önümleriniň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmakdan ybaratdyr. Bu resminamada şu maksatlara ýetmek ugrunda anyk çäreler göz òñünde tutulýar. Şol sanda degişli ugry ösdürmekde  daşary ýurtlaryň ylmy institutlary bilen bilelikde, bu ulgamlarda halkara derejesinde barlaglary geçirmegiň maksadalaýyk görülýär hem-de ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamaga ähmiýet berilýär. Şoña görä-de halkara ölçeglerine kybap gelýän döwrebap, ýokary hilli bilim almakda ýaşlary goldamakdan, hünär derejelerini ýokarlandyrmaga, ylmy-tehniki barlaglar bilen meşgullanmaga höweslendirmek ugrunda uly işler durmuşa geçirilýär. Ýeri gelende bellesek, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Himiýa institutynda ýaş hünärmenleri taýýarlamak boýunça toplumlaýyn işler alnyp barylýar. Häzir institutyň işgärleriniň 50 göterime golaýynyň ýaşlardan ybaratdygy hem bellärliklidir. Ýurdumyzyň ugurdaş ýokary okuw mekdepleriniň uçurymlary hem-de abraýly daşary  ýurtlaryň esasy ýokary okuw mekdeplerini tamamlan ýaşlar her ýyl işgärleriň hataryny artdyrýar. Himiýa institutynyň binýadynda Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň, Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň hem-de Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň kafedralarynyñ hereket edýändigi bu ugurdaky işleri has hem mazmunlaşdyrýar. Talyplar bilen okuw maslahatlarynyň we amaly okuwlaryň hilini gowulandyrmakda binýatlaýyn kafedranyň eýeleýän orny örän möhüm hasaplanýar. Sebäbi  alymlaryň we hünärmenleriň tejribeleri kabul etmäge, institutyň ylmy işleri bilen göniden-göni tanyşmaga, oňa aralaşyp, iş ýagdaýlaryna goşulyşmaga mümkinçilik berýär.

Ylmy barlaglary has-da güýçlendirmek we olaryň gerimini giňeltmek maksady bilen açylan Himiýa institutyň düzümindäki senagat himiýa barlaghanasynda hem netijeli işler alnyp barylýar.

Himiýa senagatynyñ we ylmynyñ ösmegi ekologiýa, daşky gurşawy goramak, önümleriň hilini we howpsuzlygynyň kepilligini gowulandyrmak, galyndysyz tehnologiýalary ösdürmek hem-de beýleki möhüm meseleler babatda örän möhümdir.

 

Bahar Altymuhammedowa,

Türkmenistanyñ Oguz han adyndaky Inźener tehnologiyalar uniwersitetiniñ Biotehnologiya we ekologiya fakultetiniñ Biotehnologiya taýýarlygynyñ ugrunyñ 3 nji ýyl talyby, TMÝG-niñ işjeñ agzasy.

 

Ýene-de okaň

Sagdyn jemgyýet — sagdyn geljek

Bitaraplyk – parahatçylygyň gözbaşy

“Hakyda göwheri” – milli mirasyň sarpasy

Türkmenistan-TÜRKSOÝ: köpugurly hyzmatdaşlyk pugtalandyrylýar

Saglyk ulgamynda sanly mümkinçilikler

Ulag diplomatiýasynyň dabaralanýan forumy